Saud Arabystanynyň “Al Nassr” topary “Çelsiniň” portugaliýaly ýyldyz oýunçysy Žoao Feliksi transfer etdi. Arap kluby 25 ýaşyndaky hüjümçi üçin iňlis klubuna 59 million ýewro golaý töleg eder. Feliks täze kluby bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny “Milanda” kärendesine geçiren Žoao Feliks karýerasyna “Benfikada” başlady. Ol “Atletiko Madrid”, “Barselona” (kärendesine) klublarynyň köýnekçesini geýdi. Ýyldyz oýunçy klublarda 309 duşuşykda 85 gol geçirdi. Onuň Portugaliýanyň milli ýygyndysynda-da 45 duşuşykda 9 goly bar. Feliks “Al Nassr” toparynda watandaşy Kristiano Ronaldo bilen bilelikde oýnar. “Al Nassr” topary golaýda portugaliýaly Žorži Žeşuşy tälimçilige belläpdi. “Al Nassr” topary ýene bir portugaliýaly oýunçy Otawio hem çykyş edýär.