Ýerasty we ýerüsi baýlyklara eýe bolan, belent ynsanperwer maksatlara we gymmatlyklara uýýan ýurdumyzyň depginli ösýän döwlete öwrülmegi diýarymyzda alnyp barylýan düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ýylsaýyn ösýän ykdysadyýeti halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşmagyna ýardam edýär. Milli ykdysadyýetimizde hil taýdan täze senagat taslamalarynyň, olary diwersifikasiýa hem-de innowasiýalaryň ýoly bilen alyp kämilleşdirilmegi ösüşleriň täze belentliklerine barýan Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüşleriniň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” şol ýyllarda ýurdumyzy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­gi, ilatyň aýdyň hem bolelin geljegini nazarlaýar. Bu strategik resminamanyň kabul edilmegi bilen milli Liderimiziň köpugurly özgertmelerini amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de täzeden guramagyň nobatdaky tapgyry başlandy. Dünýä ykdysadyýetiniň ulgamynda bolup geçýän esasy ýagdaýlary we özgertmeleri nazara almak bilen amala aşyryljak bu maksatnama milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga,  ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, häzirki zaman tehnologiýalara daýanýan düzümleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary ynsanperwer ýörelgeler bilen üznüksiz bagly bolup, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň has-da dabaralanmagynyň binýady boldy.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda depginli ösüşler we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen täze tehnologik eýýama gadam basýan ýurdumyz ýeňişli ýollary nazarlaýar. Ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän ägirt uly maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy Milli Liderimiz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden goldawyna eýe bolan düýpli maksatlaryň we başlangyçlaryň esasynda milli Liderimiziň suw, energetika we ulag diplomatiýasy babatdaky teklipleriniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ýollaryny hem giňden şöhlelendirýär.

Prezident Maksatnamasynda sebitleriň öndüriji güýçlerini kadaly we toplumlaýyn ösdürmek meselesi aýdyň beýan edilýär. Diýarymyzyň  Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň agrar-industrial taýdan ösen sebiti bolup, tutuş ýurdumyz boýunça pagta süýüminiň, iri şahly mallaryň uly bölegi bu welaýatyň paýyna düşýär. Ekerançylyk önümleriniň esasy görnüşlerini pagta, bugdaý we şaly emele getirýär. Welaýatymyz miweleri we ir-iýmişleri öndürmek boýunça-da tutuş ýurdumyz boýunça öňdäki orny eýeleýär. Häzirki wagtda welaýatymyzyň obasenagat toplumynda welaýatyň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň 125 müňden gowragy zähmet çekýär.  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmegiň binýadynda milletiň paýhas goruny, intellektual mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaklygy kada hökmünde belleýär. Bu ugurda edilmeli işler, amala aşyrylmaly işlerde, pudagyň işgärleri bilen birlikde Kärdeşler arkalaşyklary guramalary hem guramaçy, ýakyn maslahatçy we ýardamçy bolup çykyş edýärler.

Il içinde “Alla sylasa, ömür berer” diýilýär. Alla sylanda döwür berýär, eşretli zamana berýär. Bu hakykat biziň welaýatymyzyň ilatyna gönüden-göni degişlidir.

Welaýatyň ähli künjeklerinde önümçilik-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar. Hormatly Prezidentimiziň  S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekmegi ildeşlerimiziň ýürek buýsanjyny goşalandyrdy. Gurluşygyny 2019-2025-nji ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak, ýagny gurluşygyň birinji tapgyrynda 2019-2022-nji ýyllarda 41 sany ýaşaýyş jaýynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny tamamlamak, ikinji tapgyrynda – 2021-2024-nji ýyllarda 29 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýän döwrebap ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň düýbi tutuldy. Umumy tutýan meýdany 71 gektara barabar bolan bu toplumda 1496 maşgala niýetlenilen jemi 70 sany: 51 sany 4 gatly 24 öýli, 15 sany dört gatly 16 öýli, şeýle hem 4 sany 4 gatly 8 öýli ýaşaýyş jaýlary 30 ýyllyk karzyň hasabyna gurlar. Täze toplumda 600 orunlyk döwrebap orta mekdebiň, 240 orunlyk çagalar bagynyň, saglyk merkeziniň we hyzmatlar öýüniň gurluşyklary hem-de ýokary derejedäki abadanlaşdyryş işleriniň göz öňünde tutulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň tassyknamasydyr. Şeýle hem, Daşoguz şäheriniň merkezinde gurluşygy güýçli depginde dowam edýän 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň  gurulmagy ildeşlerimiziň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Prezident Maksatnamasynyň amala aşyrylýan döwründe Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 MWt bolan bug turbinaly elektrik stansiýasyny gurmak we Daşoguz elektrik stansiýasyndan Köneürgenç şäherine çenli elektrik geçirijilerini çekmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, meýilleşdirilýän ýediýyllygyň dowamynda Daşoguz welaýatynda täze gazhimiýa pudagy emele geler. Welaýatda suwuklandyrylan uglewodorod gazyny öndürýän desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly önümçilik zawodynyň işe girizilmegi bilen, welaýatymyzyň çäklerinde täze gazhimiýa önüminiň öndürilişi başlanar.

Maksatnama laýyklykda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipelerini netijeli çözmek üçin gurluşyk senagatynyň hem-de ýeňil senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, oba hojalygynyň, dokma önümçiligiň, haly we haly önümleriniň öndürijiligini kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Welaýatyň öz çig malynyň binýadynda täze kärhanalary we önümçilikleri döretmegiň hasabyna gaýtadan işleýän senagatyň ösüşini işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Öňde duran döwürde ýüňi we derini ilkinji işleýän, sintetik halylary öndürýän kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär. Bularyň ählisi diňe bir ykdysady ösüşi aňlatman, täze iş ýerlerini döretmegiň depgininiň çaltlandyrylmagyny alamatlandyrýar.

Abadan ýurdumyzda çekilýän halal zähmetiň netijeleri Watanymyzyň kuwwatydyr. Muňa oňat düşünýän welaýatymyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna her bir zähmet adamsynyň  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne kybapdaş belent ruh bilen zähmet çekmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmazlar.

Pursatdan peýdalanyp, Hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin, türkmen döwleti üçin alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç, janynyň sag, başynyň dik bolmagyny arzuw edýäris.

 

Altybaý Amangeldiýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy.