Rusistika instituty rus elipbiýindäki ilkinji «A» harpy rus dilinde iň köp ulanylýan harp diýip yglan etdi.
Hünärmenleriň bellemegine görä, elipbiýiň başyndaky bu harp beýlekilerden öňe saýlansa-da, sözleýiş dili barada söz açylanda, muny harp däl-de, «A» sesi diýip atlandyrmak has takyk bolar.
Institut rus dilindäki reduksiýa, ýagny sesleriň gowşamagy hadysasyna ünsi çekýär. Mysal üçin, «хорошо» sözi aýdylanda, gulaga «харашо» bolup eşidilýär. Käbir bilermenler «O» harpynyň meşhurdygyny öňe sürseler-de, institut bu harpyň hem dilden aýdylanda, köplenç, «A» sesine öwrülýändigini belledi.
Iýun aýynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Rus dilini we Russiýanyň halklarynyň dillerini goldamak boýunça Geňeşiň mejlisinde çykyş edip, ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda latyn elipbiýiniň we beýleki nyşanlaryň garyşyk görnüşini ulanman, sap kiril elipbiýinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýdypdy.