Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň gol çe­ken res­mi­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýurt­da tä­ze baý­ram­çy­lyk peý­da bol­dy. Her ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň üçün­ji ýek­şen­be­si «Ka­ka­lar gü­ni» hök­mün­de bel­le­ni­ler. Res­mi­na­ma­da maş­ga­la jem­gy­ýe­ti­ni ber­kit­mek hem-de ça­ga­la­ryň ter­bi­ýe­sin­de ata­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len bu baý­ram­çy­ly­gyň dö­re­di­len­di­gi mä­lim edil­ýär. Bu baý­ram­çy­ly­gy dö­ret­mek ba­ra­da pi­kir köp wagt­dan bä­ri tek­lip edil­ýär­di. Baý­ram­çy­lyk ýur­duň Zäh­met mi­nistr­li­gi­niň baş­lan­gy­jy esa­syn­da tek­lip edil­di.
Şeý­le baý­ram­çy­lyk dün­ýä­niň beýleki ýurt­la­ryn­da-da bel­le­nil­ýär. ABŞ-da bu baý­ram­çy­lyk il­kin­ji ge­zek 1910-njy ýy­lyň 19-njy iýu­nyn­da bel­le­nilipdir. 1966-njy ýyl­da mil­li baý­ram hök­mün­de ka­bul edi­len bu senäni iýun aýy­nyň üçün­ji ýek­şen­be­sin­de bel­le­mek ha­kyn­da res­mi­na­ma ka­bul edi­lip­dir.

Mer­gen DÖW­RA­NOW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.