Oktýabr aýynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri Balkan welaýatynyň Gyzylarbat, Balkanabat we Hazar şäherlerinde iş saparynda bolarlar. Saparyň çäklerinde myhmanlar çagalar üçin ertekiler esasynda taýýarlanan sahna eserleri, maşgalalar üçin drama oýunlary we aýdym-saz meýilnamalary bilen çykyş ederler. Ýaşaýjylar «Ertekä myhmançylykda», «Kolobok», «Diňe söýgi hakynda» ýaly söýgüli eserlere, şeýle hem A.Wasilýewiň «Uýalar» atly sahna oýnuna we «Şatlyk deňzi» atly konsert meýilnamasyna tomaşa ederler. Hormatly adamlar! Söýgüli spektakllaryňyzy we konsertleri janly görmegiň mümkinçiligini elden gidermäň!
Tertibi:
Gyzylarbat şäheri
12-nji oktýabr, 15:00 — «Ertekä myhmançylykda»
12-nji oktýabr, 18:00 — «Şatlyk deňzi» konserti
(Biletler — Medeniýet öýüniň kassasynda, tel. 71-12-02)
Balkanabat şäheri
13-nji oktýabr, 19:00 — «Şatlyk deňzi» konserti
14-nji oktýabr, 15:00 — «Ertekä myhmançylykda»
14-nji oktýabr, 17:00 — «Diňe söýgi hakynda», konsert
14-nji oktýabr, 19:00 — A. Wasilýew «Uýalar»
15-nji oktýabr, 15:00 — T. Şirýaýewa «Kolobok»
15-nji oktýabr, 17:00 — «Şatlyk deňzi» konserti
15-nji oktýabr, 19:00 — «Diňe söýgi hakynda», konsert
16-njy oktýabr, 15:00 — «Ertekä myhmançylykda»
16-njy oktýabr, 17:00 — «Diňe söýgi hakynda», konsert
16-njy oktýabr, 19:00 — A. Wasilýew «Uýalar»
(Biletler — Türkmenbaşy adyndaky Balkan drama teatrynyň kassasynda, +99361 16-60-07, 71-12-02)
Hazar şäheri
18-nji oktýabr, 15:00 — «Ertekä myhmançylykda»
18-nji oktýabr, 17:00 — «Diňe söýgi hakynda», konsert
18-nji oktýabr, 19:00 — A. Wasilýew «Uýalar»
19-njy oktýabr, 13:30 — «Ertekä myhmançylykda»
19-njy oktýabr, 15:00 — T. Şirýaýewa «Kolobok»
19-njy oktýabr, 17:00 — «Şatlyk deňzi» konserti
19-njy oktýabr, 19:00 — «Diňe söýgi hakynda», konsert
20-nji oktýabr, 15:00 — T. Şirýaýewa «Kolobok»
20-nji oktýabr, 17:00 — «Diňe söýgi hakynda», konsert
20-nji oktýabr, 19:00 — A. Wasilýew «Uýalar»
(Biletler — Hazaryň Geňeşliginiň kassasynda, +99365 88-85-43, 71-12-02)