1838-nji ýylyň 28-nji iýunynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen patyşalygynyň Şa aýaly Wiktoriýa täç geýýär. 1819-njy ýylyň 24-nji maýynda dünýä inen Wiktoriýa iň uzak wagtlap Britan tagtynda oturan hökümdarlaryň biri hasaplanýar. Ol jemi 63 ýyl 216 gün tagtda oturýar. Wiktoriýanyň hökümdar bolan döwründe Britan imperiýasy senagat we ylym taýdan ösdi.