Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gine ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da pul ge­çi­rim­le­ri­ni bir­nä­çe se­kun­dyň do­wa­myn­da ama­la aşy­ryp bol­jak tä­ze düz­gü­n ýo­la go­ýlar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Söwda meseleleri boýunça komissary Wal­dis Domb­rows­kis bu ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Ol hyz­mat­lar üçin tö­leg­le­ri ge­çir­me­giň we gün­de­lik zat­lar sa­tyn al­nan­da pu­lu­nyň tö­len­me­gi­niň aň­sat bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, tä­ze düz­gü­niň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len mu­nuň has ýe­ňil­leş­jek­di­gi­ni bel­le­di. Domb­rows­kis bank ul­ga­myn­da dün­ýä­de ba­da-bat tö­leg ge­çir­mä­ge meý­liň art­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, Ýew­ro­pa­nyň glo­bal de­re­je­de bäs­deş­li­ge ukyp­ly bo­lmalydygyny we san­ly döw­rüň hö­dür­le­ýän pur­sat­la­ry­ny iň go­wy peý­da­la­nyp bil­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Tä­ze düz­gü­ne gö­rä, pul ge­çi­rim­le­ri­ni hö­dür­le­ýän ma­li­ýe eda­ra­la­ry tö­le­gi çalt ge­çi­ren­dik­le­ri üçin has köp pul ta­lap edip bil­mez­ler. Domb­rows­kis Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarynda bir­nä­çe se­kun­dyň do­wa­myn­da pul ge­çiril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik dö­re­dil­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Nur­ýag­dy AÝ­NA­ZA­ROW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.