Kanadanyň “TransPod” kompaniýasy Edmonton we Kalgari şäherleriniň arasynda sagatdaky tizligi 1 000 km-e ýetjek demir ýoly gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa Alberta welaýatynda ýokary tizlikli otly taslamasynyň düýbüni tutmak üçin Kanadanyň polat önümçiliginde öňdebaryjysy hasaplanýan “Algoma Steel” we “Supreme Steel” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurduň önümçilik infrastrukturasynyň güýçlendirilmegi we iş orunlarynyň döredilmegi hem maksat edinilýär. Aşa ýokary tizlikli gatnaw Alberta welaýatynyň iki uly şäheriniň arasyndaky 175 mil (280 km) aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Algoma Steel” azyndan iki million tonna birinji hilli polat bilen üpjün eder. “Supreme Steel” bolsa, “FluxJet” ulaglarynyň relslerini oturdar. Taslamanyň gurluşygy wagtynda 140 müň töweregi iş ornunyň döredilmegine garaşylýar. Netijede iki şäheriň arasyndaky syýahat 45 minuta düşer.
“FluxJet” Ilon Maskyň “Hyperloop” taslamasyna meňzese-de magnit lewitasiýasy, aerodinamika we ýaşyl energiýa ulgamlaryny birleşdirmek arkaly ýokary tizligi üpjün edýär.