Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk barada alada etmeýän ýekeje döwlet hem ýokdur. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistanda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy yzygiderli ýokarlanýar, pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Innowasion tehnologiýalar we lukmançylyk ulgamyndaky iň öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar.
Ýokary hünär derejeli lukmanlaryň taýýarlanylmagy, şeýle-de dünýäniň belli önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmagy bilen, türkmenistanlylara ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde Diýarymyzyň iň çetki künjeklerinde-de saglygy goraýyş desgalary gurulýar. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine, dogry iýmitlenmegiň we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň giňden wagyz edilmegine uly üns berilýär. Bularyň ählisi döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi hem-de abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, ÝUNISEF we beýleki guramalar tarapyndan ykrar edilen oýlanyşykly hem-de durmuş ugurly syýasatynyň anyk netijeleridir. Bu düzümler bilen işjeň we önjeýli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralarydyr ylmy-barlag merkezleri bilen ýygjam gatnaşyklar alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanunynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň «Bar zadyň sakasy – saglyk», «Saglygym – begligim» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, berkarar döwletimizde adamlaryň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni alyp, olary netijeli bejermäge örän uly ähmiýet berilýär.
Beden we ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap hassahanalar, saglyk öýleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar, sport toplumlary giň gerim bilen gurlup ulanmaga berilýär.
Ilata ýokary hilli bejeriş-anyklaýyş hyzmatlaryny hödürlemek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde sagaldyş ulgamynyň düzüm gurluşy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň amatly howa şertleri, tebigy landşaftlarynyň dürlüligi we serişde mümkinçilikleri, köp sanly kesellerden saplanmaga ýardam edýän mineral suwlary, bejeriş palçyklary milli şypahana ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin oňyn şertleri döredýär. Häzirki döwürde Diýarymyzyň ähli sebitlerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan, ýylyň ähli paslynda hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş toplumlary hereket edýär. Olarda ulanylýan döwrebap sagaldyş usullary, dynç almak we saglygy bejermek üçin döredilen oňaýly şertler saglygy dikeltmäge ýardam edip, bedendäki ýadawlygy aýyrýar hem-de adama güýç-kuwwat berýär.
Häzirki tomusky dynç alyş möwsüminde Ahal welaýatyndaky «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat», Balkan welaýatyndaky «Mollagara», «Awaza», ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly», paýtagtymyzdaky «Berzeňňi» şypahanalary saglygyny dikeltmek isleýän köp sanly adamlary kabul edýär.
Milli şypahana ulgamynyň işiniň ähli ýaşdaky adamlaryň – çagalaryň, ýaşlaryň, işe ukyply ilatyň, şeýle-de gartaşan adamlaryň saglygyny berkitmäge gönükdirilendigini nygtamak gerek. Döwrebap derejede hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şypahanalaryň işgärleri okuw tejribelerini geçmek we hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin ýurtlarda saparda bolýarlar. Şeýle çäreler olara bilimlerini kämilleşdirmäge, tejribe alyşmaga, degişli ulgamda halkara derejede öňdebaryjy gazanylanlary öwrenmäge ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, şypahana-dynç alyş ulgamy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki zaman şertlerinde ilat üçin bejeriş – öňüni alyş hyzmatlarynyň giňden elýeterliliginiň üpjün edilmegine, syýahatçylygyň bejeriş – sagaldyş görnüşiniň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Allamyrat GALANDAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.