Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ilatyň saglygyny goramak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmak, ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş hyzmatlarynyň täze usullarynyň özleşdirilmegine tarap ýol açdy. Maşgala lukmançylygynyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen adamlara ýaşaýan ýeri boýunça hyzmat etmäge oňaýly şertler döredi. Munuň özi lukmançylyk işgärleriniň ilat bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, her bir adamyň, maşgalanyň beden, ruhy saglygyny öwrenmäge hem-de munuň netijesinde näsaglary, haýsydyr bir keseliň döremegine töwekgellik bar bolan raýatlary öz wagtynda ýüze çykarmaga, keselleri irki döwründe anyklap, bejermäge mümkinçilik berdi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, saglygy goramak işini häzirki döwrüň talaplaryna esaslanyp guramak wajyp bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde kämilleşdirilmegine uly itergi berýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýat merkezlerinde öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi has-da ýokarlandyrylýar.
Dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha berkidilýär. Telelukmançylyk we telemaslahatlar arkaly özara tejribe alyşmak, amaly lukmançylyga öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak ýaly möhüm ugurlarda ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly ähmiýet berilýär.
Lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürülmek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilýär.
Ynsan saglygyny gorap saklamagy ýurdumyzyň baş ýörelgesine öwren hormatly Prezidentimiz saglyk ulgamy bilen bir hatarda bedenterbiýäni we sporty, syýahatçylyk pudagynyň işini has-da döwrebaplaşdyrmak ugrunda giň gerimli işlere badalga berdi. Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sport toplumlarynyň, täze sport mekdepleriniň, ýörite sport mekdep-internatlarynyň, sport toplumlarynyň, syýahatçylyk we şypahana binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak ugrunda durmuşa ornaşdyrýan işleriniň kändigine şaýatlyk edýär.
Saglyk ajaýyp tebigatyň adamzada eçilen bahasyz baýlygydyr. Sagdynlygyň, sagdyn durmuşyň rowaçlanmagy bolsa döwletiň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşyna oňaýly täsir edýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň diňe bir bilimini ösdürmek bilen çäklenmän, olaryň berk bedenli, sagdyn dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda döwletimizde bimöçber işleriň durmuşa geçirilmegi hem diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr.
Amanmyrat ŞÜKÜROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.