Gyş pas­lyn­da iň köp iýil­ýän mi­we­le­riň bi­ri hem ki­wi bo­lup, sag­lyk üçin peý­da­ly wi­ta­min­le­ri özün­de jem­le­ýär. Ata Wa­ta­ny Hy­taý ha­sap­lan­ýan bu mi­wä­niň dü­zü­min­de C we K wi­ta­mi­ni hem-de köp muk­dar­da sü­ýüm sak­lan­ýar. Açyk ýa­şyl reňk­li bu mi­wä­niň 50-den gow­rak gör­nü­şi bo­lup, esa­san hem, iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­na peý­da­ly­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ki­wi­niň dü­zü­min­dä­ki K wi­ta­mi­ni be­de­niň mad­da alyş-çal­şy­gy­ny we kal­si­niň de­re­je­si­ni ka­da­laş­dyr­ýar. Be­de­niň mis ýet­mez­çi­li­gi­niň öňü­ni al­mak­da hem ki­wi peý­da­ly­dyr. Ki­wi im­mu­ni­te­ti güýç­len­di­rip, dü­me­we we so­wuk­la­ma gar­şy gö­reş­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Gyş pas­lyn­da, esa­san, C wi­ta­mi­ni ýet­mez­çi­lik ed­ýär. Her gün 2-3 sa­ny ki­wi iý­mek bi­len be­den üçin ze­rur bo­lan C wi­ta­mi­ni alyp bol­ýar. Bu mi­wä­ni ter­li­gi­ne iý­mek bi­len bir ha­tar­da dür­li iş­däa­çar­la­ra hem go­şup bol­ýar. Et­den taý­ýar­lan­ýan ta­gam­la­ra ki­wi go­şu­lan­da çalt hem ýum­şak biş­ýär. Tur­şum­tyk mi­wä­niň dü­zü­min­de şe­ke­riň hem bar­dy­gy­ny, şeý­le hem aş­ga­zan agy­ry­sy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tut­mak bi­len köp iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ki­wi göz üçin iň peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri­dir.