Şu gün 10-njy oktýabrda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Halkara çärä Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, ýurdumyzyň raýatlary, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň Halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda şeýle sözler bar: Häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu işler döwrebap düzümleri döretmäge, ynsan saglygyny, bagtyýar we abadan durmuşy pugtalandyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, sagdyn durmuş kadalaryny, köpçülikleýin sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilendir.

Sergi meýdançasynda daşary ýurt kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýörite we ýokary bilim berýän okuw mekdepleriniň, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň diwarlyklary bar.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär. Sergi 12-nji oktýabrda 18:00-a çenli dowam edýär.

PDF








