Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimi ösdürmäge, ylmy maglumatlary özleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy belent sepgitlere ýetdi. Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ýörelgeleri hökmünde jemgyýete sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalary ornaşdyrylýar. Şunda ynsanyň saglygyny goramak maksady bilen kadaly iýmitlenmäge, zyýanly endiklerden daşda durmaga, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmaga, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga aýratyn üns berilýär.

Hä­zir­ki yl­myň, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň örän çalt ös­ýän döw­rün­de aý­ry-aý­ry ugur­lar­da iş alyp bar­ýan klas­ter­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ryn­da se­na­gat, in­no­wa­si­on, sy­ýa­hat­çy­lyk, inf­rast­ruk­tu­ra, bi­lim, luk­man­çy­lyk klas­ter­le­ri giň meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz üçin luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni dö­ret­mek tä­ze tej­ri­be bo­lup dur­ýar. Luk­man­çy­lyk klas­te­ri luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­me­giň in­no­wa­si­on usu­ly­dyr. Ol luk­man­çy­lyk ugur­ly beý­le­ki des­ga­lar­dan we has­sa­ha­na­lar­dan aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­ýar. Ol bir-bi­ri­ne ýa­kyn ara­lyk­da ýer­le­şen, dür­li ugur­la­ra ýö­ri­te­le­şen, ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri bo­ýun­ça bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­ýän hem-de öza­ra bag­la­ny­şyk­ly bo­lan luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň top­lu­my bo­lup dur­ýar. Arkadag şä­he­rin­de dö­re­di­len luk­man­çy­lyk klas­te­ri der­man se­riş­de­le­ri­ni, luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny hem-de se­riş­de­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da we bu ugur­da döw­re­bap bi­lim ber­mek­de, ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak iş­le­ri bo­ýun­ça iň kä­mil dün­ýä tej­ri­be­le­ri­ni peý­da­lan­mak bi­len, yl­my iş­le­ri ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­ni­len in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­dyr. Bu luk­man­çy­lyk klas­te­ri di­ňe bir içer­ki ba­zar üçin däl, eý­sem, eks­port üçin hem dür­li gör­nüş­li luk­man­çy­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­ni­len­dir.
Hä­zir­ki za­man klas­ter­le­ri goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­re­dip, hü­när­men­le­riň taý­ýar­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak ar­ka­ly bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Arkadag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­rin­de der­man we luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­mek bo­ýun­ça iş­ler­de da­şa­ry ýurt­la­ryň kä­mil tej­ri­be­le­ri, hä­zir­ki za­ma­nyň in­no­wa­si­on çöz­güt­le­ri or­naş­dy­ry­lar. Şeý­le hem bi­lim ber­me­giň hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na la­ýyk­lyk­da der­man se­na­ga­ty­na ze­rur bo­lan hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry hil­li der­man we luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri­ni, ma­ýa go­ýum­la­ry­ny, teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny çek­mek, olar bi­len hyz­mat­daş­lyk­la­ry gi­ňelt­mek, pug­ta­lan­dyr­mak iş­le­ri ýo­la go­ýul­ýar.
Şeý­le aja­ýyp, dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ga­bat gel­ýän sag­lyk mer­kez­le­ri­ni gur­du­ryp ber­ýän­dik­le­ri üçin türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za köp sag­bol­sun­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň patalogik fiziologiýa kafedrasynyň mugallymy.