Güýz paslynyň ortanjy aýynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Asylly däbe görä, ýurdumyzda bu senä bagyşlanyp iri, abraýly forumlar, sergiler we dürli çäreler geçirilýär. Bu ýyl bolsa, lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek giň möçberli çäreler ýokarda sananlarymyzyň üstüni ýetirer.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­ňy-ýa­kyn­da ýur­du­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da «Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ýur­du­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny ga­zan­mak bi­ziň iň uly mak­sa­dy­myz­dyr» di­ýip bel­le­mek bi­len, döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan adam ha­kyn­da­ky uly ala­da­nyň döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny bel­le­di.
10-12-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ we yl­my mas­la­ha­t ge­çi­ri­lýär. Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, Bi­lim mi­nistr­li­gi, Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, şeý­le hem Söw­da-se­na­gat pa­la­ta­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan ser­gi dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan öň­de­ba­ry­jy hü­när­men­le­ri, bi­ler­men­le­ri we kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri­ni bir ýe­re jem­läp, Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­mek we esa­sy ugur­lar­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek üçin meý­dan­ça bo­lar. Çä­rä Türk­me­nis­ta­nyň pu­dak­la­ýyn mi­nistr­lik­le­ri­niň we eda­ra­la­ry­nyň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri, şeý­le hem ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly işe­wür­ler hem-de kom­pa­ni­ýa­lar gat­na­şar. Hal­ka­ra ser­gi­de luk­man­çy­ly­gyň anyk­la­ýyş-be­je­riş en­jam­la­ry we teh­ni­ka­sy, luk­man­çy­lyk gu­ral­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da dür­li gör­nüş­dä­ki hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň, şeý­le hem in­no­wa­si­on çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak bi­len meş­gul­lan­ýan kli­ni­ki mer­kez­le­riň öz alyp bar­ýan iş­le­ri­ni gör­kez­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler. Şeý­le hem dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy iri kom­pa­ni­ýa­la­ry tarapyndan bi­lim we sport bo­ýun­ça alnyp bar­ylýan iş­le­r, teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­na we myh­man­la­ry­na giň­den hö­dür­le­ner.
Ser­gi­niň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän yl­my mas­la­hat­da bol­sa, tej­ri­be alyş­ma­ga we mö­hüm me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­ler. Bu bolsa, hal­ka­ra we mil­li bi­ler­men­le­riň ara­syn­da gep­le­şik üçin öz­bo­luş­ly plat­for­ma dö­re­dip, ýur­du­myz­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­riň ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam eder.
Häzirki wagtda ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my uly ösüş­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, hä­zir­ki­ za­man luk­man­çy­ly­gyn­da ga­za­nyl­ýan tej­ri­be­ler iş­jeň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, gys­ga dö­wür­de paý­tag­ty­myz­da hem-de se­bit­ler­de sag­ly­gy go­ra­ýyş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­lar, şy­pa­ha­na­lar, der­man se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­dy. Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, yn­san öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak, el­ýe­ter­li, ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Şeý­le-de luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy dö­re­dil­di. Ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ha­sa­by­na ýüz­ler­çe ça­ga de­giş­li ope­ra­si­ýa­lar we döw­re­bap be­jer­gi­ler ge­çi­ri­lip sag­lyk­la­ry di­kel­dil­di.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni bi­len äh­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ni gut­la­ýa­rys. Ola­ra alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris.

Çynar Jumadurdyýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.