Berkarar ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň netijesinde döwletimiz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi. Bu ugurda kabul edilen kanunlardyr maksatnamalar «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýen ýörelgeden ugur almak bilen, ynsan saglygyny goramak hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň üpjünçiligini gowulandyrmak, sagdyn durmuşy berkarar etmek baradaky tagallalary özünde jemleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda hem-de sebitlerimizde saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleri, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar guruldy. Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy geljegimiz bolan ýaş nesilleriň saglygyny goramak we dikeltmek bilen bagly örän möhüm işleri alyp barýar. Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezler, döwrebap hassahanalar halkymyza hyzmat edýär.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýer ýüzüniň ilatynyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly çagyryşlaryna ýurdumyzyň ilkinjileriň hatarynda seslenýändigine dünýä jemgyýetçiligi şaýatdyr. Türkmenistanda Merkezi Aziýa we GDA döwletleriniň arasynda birinji, dünýäde dördünji bolup nahar duzuny ýodlaşdyrmak, uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak doly ýola goýuldy. Ýurdumyzda BSGG-niň nesil öndürmäge ukyply ýaşdaky zenanlaryň, bäş ýaşa çenli çagalaryň arasynda ganazlygyň (anemiýa) agyr görnüşlerini ýok etmek, orta agyrlykly we ýeňil görnüşlerini azaltmak, çaga ýokanç kesellerine garşy göreşmek baradaky çagyryşlaryna anyk çäreler geçirilip, uly üstünlikler gazanyldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ene süýdi bilen emdirmegi goldamaga gönükdirilen düzgünleri enäniň we çaganyň saglygyny goraýan lukmançylyk edaralarynyň ählisi diýen ýaly özleşdirip, «Çaga mähirli gatnaşykly hassahana» diýen ada mynasyp boldy.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny toýlaýan ýylymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Hemişelik Bitaraplyk ýörelgämiz ýurdumyza belent abraý, şan-şöhrat getirýär. Şanly ýylymyzyň şygary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn pajarlap ösmegi babatdaky döwletli tutumlaryny, ynsanperwer ýörelgelerini bütin aýdyňlygy bilen alamatlandyrýar.
Ýazgül BEGLIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.