Geçen ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bu lukmançylyk merkezleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary, şeýle-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýokary halkara ykrarnama mynasyp boldy. Bu merkezleriň gurulmagy «Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasy üçin uly üstünlik boldy. Olaryň taslamalary kompaniýa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde «Ajaýyp binagärlik», «Ajaýyp aragatnaşyk dizaýny», «Önümiň ajaýyp dizaýny» ýaly ugurlar boýunça «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan geçirilen bäsleşige gatnaşyp, onda ýeňiji bolmaga ýardam etdi. Bu bäsleşigiň GFR-iň Federal Hökümetiniň goldaw bermeginde Frankfurt şäherinde her ýyl geçirilýändigini bellemek gerek.
Abraýly güwänamalaryň berilmegi bu saglyk merkezleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr. Ilatyň saglygyny bejermäge we dikeltmäge gönükdirilen şeýle ajaýyp desgalaryň gurlup ulanmaga berlendigi üçin ildeşlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de lukman Arkadagymyza akyşlaryny aýdýarlar.