Angliýanyň “Arc Aero Systems” kompaniýasy uzak aralyga syýahat etmek üçin niýetlenen “Arc Linx P9” atly dikuçaryny tanyşdyrdy. Bu ýolagçy howa gämisiniň täze çözgüdiniň bahasynyň elýeterli we ýangyjy tygşytly sarp etjekdigi mälim edildi. Gibrid şekilli howa gämisiniň gabarasy uçara we dikuçara meňzeýär. Agramy 1930 kilogram bolup, dikligine uçup hem gonup bilýär. 9 orunlyk howa gämisiniň ýokarsyndaky perler onuň ýokary galmagyna we gonmagyna, ganatlaryndaky motorlar bolsa, öňe gitmegine mümkinçilik berýär. Uçaryň tizligi sagatda 370 kilometre ýetýär. Kuwwaty 496 at güýjüne barabar bolan bu uçar 1300 kilometre çenli uçup bilýär. Uçaryň önümçiligine haçan başlanjakdygy mälim edilmedi.