Kanallary bilen meşhurlyk gazanan Italiýanyň Wenesiýa şäherine giriş geçen ýyl tölegli edilipdi. Şeýlelikde, dünýäde ilkinji gezek bir şähere girmek tölegli bolupdy. Şäherde ýaşaýanlara we myhmanhanalarda ýatymlyk galýanlara degişli bolmadyk bu töleg indi 5 ýewrodan 10 ýewro çykaryldy. Geçen ýylyň dowamynda şäheriň köp adamly boljak 29 güni tölegli bolupdy. Bu ýyl bolsa, şähere girmek 54 gün tölegli bolar. Ýaz aýlaryndan başlap, her hepdäniň anna, şenbe we ýekşenbe günleri 08:30-dan 16:00 aralygynda giriş tölegli bolar. 4 gün öňünden alnan petek 5 ýewrodan satylar. Wenesiýa geçen ýyl dünýäniň 194 ýurdundan myhman barandygy mälim edildi.