“Stellantis” awtoulag kompaniýasy bilen “Archer Aviation” şereketi şähiriçi howa gatnawy üiçn uçýan ulag öndürerler. Elektrik energiýasy bilen işleýän bu ulag dikligine uçup hem gonup biler. Iki kompaniýa “Midnight” atly uçaryň önümçiligini bilelikde amala aşyrar. Döwrebap ulagyň önümçiligi 2024-nji ýyldan başlap ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Kowington şäherindäki zawodynda amala aşyrylar. “Stellantis” uçaryň öndürilmegi üçin ösen önümçilik tehnologiýasyny, tejribeli işçi güýjüni we maliýe goldawyny berer. Bu bolsa, “Archer”-iň millionlarça dollar çykdajy etmän, täjirçilik maksatly önümçiligi ýola goýmagyna ýardam eder.
Kiçi göwrümli uçýan ulag serişdesi ygtybarly we sessiz işlemegi bilen tapawutlanýar. Agramy 454 kilogram bolan uçar dört ýolagçy orunlyk bolup, bir gezekki zarýady bilen 160 kilometr ýol geçip bilýär. 10 minutlyk zarýady bolsa, 32 kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berýär.
Aýna Töräýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
PDF









