Teatr dünýädäki iň gadymy güýmenjeleriň biri bolup, müňlerçe ýyl bäri adamlara gülki-şatlyk paýlap gelýär. Sahna oýunlaryna tomaşa etmek durmuşy baýlaşdyrýan we maşgala gatnaşyklaryny jebisleşdirýän iň ajaýyp usullaryň biridir. Teatr diňe bir lezzetli dynç alyş we gyzykly başdangeçirme bolman, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesi üçin hem peýdalydyr.
Sussupesligi aýyrýar. Bilermenler gülkiniň iň oňat dermandygyny belleýärler. Şol sebäpli çeperçilik çärelerine gatnaşýan adamlarda sussupeslik we göwnüçökgünlük ýaly alamatlar az gabat gelýär.
Beýnini işjeňleşdirýär. Sahna oýunlaryna tomaşa edýän adamlarda beýni has işjeň ýagdaýda bolýar. Sebäbi sahnada keşbi janlandyrýan artistleriň diýýän sözleri we hereketleri baradaky pikirler, ýagny wakalar beýniden yzygiderli geçip durýar. Şol sebäpli çagalary kiçiliginden teatra äkitmek maslahat berilýär. Şeýle ýagdaýda çagalaryň gözýetimi giňäp, hyýaly oýlanmalary güýçlener hem-de sungat we teatr ýaly döredijilik işleri bilen içgin gyzyklanyp başlamagyna mümkinçilik dörär.
Duýgulary ösdürýär. Teatrda kinodan tapawutlylykda, artistleriň ýerine ýetirýän keşbine we sahnadaky wakalara janly ýaýlymda tomaşa edilýär. Sahna oýunlary hyýallaryň ösmegine mümkinçilik berýär. Gahrymanlar bilen tanyşmak, olar bilen söhbetdeş bolmak adamyň duýgularynyň ösmegine getirýär.
Ünsi güýçlendirýär. Teatrda ähli pikiriň sahna gönükdirilýär. Sahnadaky hereketler göz bilen yzarlanýar hem-de beýni bilen seljerilýär. Bu ünsüň güýçlenmegine ýardam edýär. Ünsüni jemlemek kyn bolan adamlara sahna oýunlaryna tomaşa etmek maslahat berilýär.
Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkidýär. Teatra dürli ýaşdaky, dürli kärdäki adamlar ýygnanýar we bilelikde sahna oýunlaryna tomaşa edilýär. Bu ýagdaý jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň has-da berkemegine getirýär.
PDF









