Çagalaryň aglaba bölegi sakgyç çeýnemegi halaýarlar. Köp çaga ony birnäçe sagatlap hem çeýneýär. Ata-eneleriň käbiri beýle ýagdaýy halamaýar. Uly adamlar sakgyjyň adamyň dişlerine zyýan ýetirýär diýip hasaplaýarlar. Eýsem, sakgyç peýdalymy ýa-da zyýanly?
Peýdaly taraplary. Sakgyç çeýnemegiň diňe zyýanly bar diýmek, megerem, dogry bolmaz. Ony çeýnemegiň käbir peýdaly taraplary-da bar. Sakgyç diňe aram möçberde çeýnelen wagty peýdaly hasaplanýar.
Adam bedeni sakgyjyň çeýnelmegini iýmit iýlişi ýaly kabul edýär. Şol sebäpli agyz boşlugynda tüýkülik emele gelýär. Ol bolsa, dişleriň arasyndaky iýmit galyndylarynyň aýrylmagyna we agyz boşlugynda kislota-aşgarynyň dikeldilmegine kömek edýär. Bu deňagramlylygyň sakgyjyň kömegi bolmadyk halatynda-da biraz haýalrak hem bolsa örän oňat dikelýändigini bellemek gerek. Mundan başga-da, sakgyjyň çeýnelmegi aşgazanyň işjeňligini artdyryp, iýlen iýmitiň siňdirilmegine ýardam edýär.
Äň bognunyň berkemegi güýçli depginde sakgyç çeýnemegiň tebigy netijesi bolup durýar. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, şeýle netijäni peýdaly hasaplamak bolar. Çünki häzirki wagtda iýilýän iýmitiň köp bölegi ýumşak we ýeňil bolup, äňe ýeterlik derejede agram bermeýär. Sakgyç bolsa bu ýetmezçiligiň üstüni ýetirýär.
Zyýanly taraplary. Sakgyç aşa köp çeýnelse, onda onuň zyýan ýetirmegi hem mümkin. Sakgyç çeýneleninde ýüze çykýan tüýküligiň çalt depginde bölünip çykarylmagy, bedeniň özbaşdak tüýkülik öndürmeginiň kadasyny bozup biler. Netijede, onda agzyň nemli bardasynyň guramagy ýa-da beýleki nähoşluklaryň ýüze çykmagy mümkin.
Aşa köp sakgyç çeýnemegiň netijesinde aşgazanyň işjeňliginiň artmagy käbir nähoşluklara getirip biler. Mysal üçin aç wagtyň sakgyç çeýnemek zyýanly hasaplanýar. Sebäbi sakgyç çeýnelende aşgazan has köp işleýär we siňdirmek üçin iýmitiň ýoklugy adam saglygyna oňaýsyz täsir edýär.
Sakgyjy çendenaşa köp çeýneýän çagalarda bolsa, kähalatlarda arassa sözleýiş ösüşi bilen baglanyşykly kynçylyklary döredip bilýär.
Şeýle hem ýiti ýiti tagamly, ysly we reňkli sakgyçlaryň has zyýanly bolmagy ähtimal.
Eger-de, çagalar sakgyjy yzygiderli ýuwudýan bolsa, bu ýagdaý hem gowy däl. Aşgazan sakgyjy siňdirýän hem bolsa, yzygiderli gaýtalanan ýagdaýynda sakgyjyň içegede toplanmagyna, onuň dykylmagyny getirip bilýär.
Lukmanlar sakgyjy diňe nahardan soň, belli bir wagtyň dowamynda çeýnemegi maslahat berýärler. Onuň ähli peýdaly aýratynlyklarynyň ýüze çykmagy üçin 5-10 minut ýeterlikdir.
Çaganyň çeýneýän sakgyjynyň bolsa, reňksiz, tagamsyz we yssyz bolmagy has talabalaýyk hasaplanýar.
Şirin ARSLANOWA,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.