Arheologlar ajaýyp hazynalary öz içine alýan 4500 ýyllyk gadymy Müsür aramgähini ýüze çykardylar. Bu ýerden tapylan köp sanly eserleriň arasynda XVIII neberäniň abat saklanyp galan gap-gaçlary we Müsür taňrylary Isidanyň we Garpokratyň heýkelleri bar.
Arheologlar Kairiň 20 kilometr günortasynda ýerleşýän Sakkara nekropolunda 4000 ýyl mundan ozal gaýada oýulup gazylan gadymy Müsür aramgähini ýüze çykardylar. Ýakynda Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan bu ajaýyp tapyndy, müsürli we ýaponiýaly arheologlaryň bilelikdäki tagallasy bilen ýüze çykaryldy.
-Miladydan öň, 2649-njy we 2150-nji ýyllar aralygynda salnan, dürli taryhy döwürlere degişli bolan köp sanly artefaktlary öz içine alýan aramgäh bu sebitiň taryhy barada bahasyna ýetip bolmajak maglumatlary berýär – diýip, ýapon toparynyň başlygy Nozomu Kawai aýtdy.
Halkara topary öz işleriniň dowamynda binagärlik aýratynlyklaryny we gyzykly eserleri öz içine alýan köp sanly hazynalary ýüze çykardylar. Aramgähiň içinden XVIII neberäniň (miladydan öňki 1550-1295-nji ýyllar) abat saklanyp galan gap-gaçlary tapyldy. Mundan başga-da, Ptolemeý döwründe dymmagyň we syrlylygyň hudaýy hökmünde tanalýan gadymy Müsür taňrysy Isida we çaga hudaýy Garpokrat şekillendirilen iki sany terrakota heýkeli tapyldy. Beýleki tapyndylaryň arasynda “Geroides” diýlip ýazylan daş, dürli tumarlar we döwülen küýze bölekleri bar.
Sakkara, Müsüriň paýtagty Memfisiň golaýynda ýerleşýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu sebitde Gizanyň meşhur piramidalary, şeýle hem Abu Sir, Dahşur we Abu-Ruwaýşa ýaly ondan gowrak piramidalar ýerleşýär. Soňky ýyllarda Müsüriň taryhçylarynyň tutuş ýurtda möhüm arheologiki tapyndylary ýüze çykarýarlar. Geçen ýylyň ýanwar aýynda Sakkarada bir ýyllap geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri görkezildi – tapyndylaryň arasynda Köne Patyşalygyň bäşinji we altynjy neberelerine degişli (takmynan 2500-2100-nji ýyllar) zatlar bar.