Portugal saksofonçysy Elwis Nunes Souza saksofon çalmagyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Sazanda Madeýranyň häzirki zaman sungaty muzeýinde 33 sagatlap saz çaldy. Onuň repertuarynda 73 sany saz eseri bardy. Elwis her 4 sagatdan az-kem dyngy berdi.
PDF









