Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” 29-njy tapgyryň ilkinji oýunlarynda soňky çempion “Liwerpul” iň aşaky orunda barýan “Wulwerhemptonyň” myhmany boldy. Çekeleşikli geçen oýnuň soňky minutlarynda 3 gol hasaba alyndy. 78-nji minutda ýer eýeleri Rodrigo Gomeşiň goly bilen öňe saýlansa-da, 83-nji minutda Mohamed Salah hasaby deňledi. Bu onuň APL-däki 3 aýdan soň geçiren ilkinji goly boldy. Ýöne bu gol ýeňşe ýetmedi. Oýnuň 90+4-nji minutynda Andre “Wulwerhempton” toparyna bassyr 2-nji, möwsümdäki 3-nji ýeňşini gazandyran goly derwezä girizdi. Şeýle-de, “Ewerton” “Börnlini” 2-0 hasabynda ýeňdi. APL-de şu gije “Çelsi” myhmançylykda “Aston Willa” bilen (00:30), “Arsenal” “Braýton” (00:30) bilen duşuşar. “Mançester Siti” “Nottingam Foresti” (00:30) kabul etse, “Mançester Ýunaýted” “Nýukaslyň” (01:15) myhmany bolar.