Angliýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Liwerpul” öz meýdançasynda “Southemptony” 3-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda penaltiden 2 gol salan Mohamed Salah “Liwerpulyň” taryhyndaky netijeli futbolçylaryň sanawynda 242 golly Roý Hojsony yzda galdyryp, 3-nji orna beýgeldi. 390 oýunda 243 gol salan Salahyň APL-däki gollarynyň sany-da 184-e ýetip, ol Serhio Aguero bilen deňleşdi. Häzirki wagtda Salah ýene bir gol geçirse, APL-niň taryhynda iň köp gol salan daşary ýurtly futbolçy bolar. Bu ýeňişden soň 1 oýny artykmaç “Liwerpul” 2-nji ýerdäki “Arsenaldan” 15 utuk öňe saýlandy.

Çempionatda tapgyryň merkezi duşuşygynda “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Arsenal” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady. 45+2-nji minutda Bruno Fernandeşiň goly bilen öňe geçen “Mançester Ýunaýtede” 74-nji minutda Deklan Raýs jogap berdi. “Mançester Ýunaýted” APL-niň taryhynda 1-nji ýarymy öňde tamamlan oýnunda şu wagta çenli ýeke gezek hem ýeňilmedi (306 duşuşyk).

“Mançester Siti” myhmançylykda “Nottingam Forestden” Hadson-Odoiniň ýeke-täk goly esasynda 1-0 utuldy. Bu tälimçi Guardiolanyň şu möwsümdäki 15-nji, APL-däki 9-njy ýeňşi boldy. Nunu Espiritu Santu APL-de Guardiolany 4 gezek ýeňen 4-nji tälimçi hökmünde hasaba alyndy. “Çelsi” öz meýdançasynda “Lesteri” Kukurelýanyň goly bilen 1-0 utdy. Duşuşykda Palmer penaltini salyp bilmän, ol 13-nji synanyşygynda ilkinji gezek şowsuzlyga uçrady.

Nottingam Forest – Man. Siti: 1-0 (Hadson-Odoi 83),

Braýton – Fulham: 2-1 (Wan Hekke 41, Žoao Pedro 90+8 p – Himenes 35),

K. Palas – Ipswiç: 1-0 (Sarr 82),

Liwerpul – Southempton: 3-1 (Nunies 52, Salah 53 p, 88 p – Smollboun 45+1),

Brentford – Aston Willa: 0-1 (Wotkins 49),

Wulwerhempton – Ewerton: 1-1 (Munetsi 40 – Harrison 33),

Çelsi – Lester: 1-0 (Kukurelýa 60),

Tottenham – Bornmut: 2-2 (Sarr 67, Son 84 p – Tawernie 42, Ewanilson 65),

Man. Ýunaýted – Arsenal: 1-1 (Bruno Fernandeş 45+2 – Raýs 74),

West Ham – Nýukasl (şu gije, 01:00)