Adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürlerinden bäri dowam etdirilýän birnäçe däp-dessurlar, edim-gylymlar bar. Şolaryň biri-de salamlaşmak edebidir. Salamlaşmak birek-birekden saglyk-amanlyk soraşmakdyr. Salamlaşmak hormat-sylagdan nyşandyr. Ol edep-ekramyň baş görkezijisidir, adamkärçiligiň ýaranydyr. Umuman, halkymyzda edebiň başy hasaplanylýan salamy hiç kimden gysganmazlyk, adamkärçilikli, açyk göwünli bolmak, töweregimizdäkilerde ýakymly duýgulary döredýär. Ata-babalarymyz salamlaşmak edebini kiçilikden başlap öwredipdirler. «Salama Taňry salamy, myhmana Taňry myhmany» diýilmegi-de ýönelige däl. Adamkärçilik hem salamdan başlanýar, salam berlende we alnanda ol mähir bilen ýürekden aýdylyp, iki tarapyň hem mertebesi deň-derejede hormatlanmalydyr. Bu edebi, ylaýta-da ýaş nesilleriň göwnejaý berjaý etmegi zerurdyr. Çünki ýaşlara olaryň salamlylygyna garap, maşgalasynda berilýän terbiýä hem baha berilýär. Ol diňe bir adamyň özüni bezeýän häsiýet bolman, alkyşa mynasyp bolan özüňi alyp barmaklykdyr. Şeýle-de bu ýagdaý asylly edep-terbiýe alandygyňy görkezýän aýdyň görkezijidir.
Il arasynda «Agzy salamly – köňli kelamly» diýen aýtgy bar. Salamlaşmagyň baş atmak, elleşmek, egne kakmak, söz bilen salamlaşmak… ýaly görnüşleri bolup, olaryň hemmesi-de birek-birege hormat-sarpanyň beýany bolup şöhlelenýär. Şeýle-de ozaldan gelýän ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza laýyklykda, kiçiniň ula, azlygyň köplüge, ýöräp barýanyň oturana, ulagly barýanyň pyýada salam bermegi dogry hasaplanýar. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän halkymyzda her bir maşgalada çaga alty, ýedi aýlyk bolanyndan eýýäm «Hany, salam edeli» diýlip, onuň kiçijik elini tutup, salamlaşmak edebi öwredilip başlanýar. Biz taryhyň haýsy döwrüne ser salanymyzda hem salamlaşmak edebiniň hiç haçan ünsden düşürilmändiginiň şaýady bolýarys. Ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde, goşgularynda, dessanlarda salamlaşmak edebi hakyndaky pikir-garaýyşlara häli-şindi duşýarys.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň goşgusynda şeýle setirler bar:
Duşmanyň bolsa-da, salamyny al,
Salama hormat bor, özüňe sapak.
Şahyr şeýle diýmek bilen, tersleşen, öýke-kine edişen adamyňa sataşsaňam, salamyny almalydygyny ündeýär. Salamyň hemişe uly hormata eýe bolmalydygyny nesihat edýär.
Salamlaşmak edebiniň halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda milli mirasymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň aýrylmaz bir bölegidigi aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky nakyllarda we atalar sözlerinde hem salamlaşmagyň edebi hakynda bellenilýär. «Edebiň ýagşysy – salam bereni, ýakynlyk ýagşysy – baryp-geleni», «Salamyň nähili bolsa, jogabyň hem şonuň ýaly», «Ula salam ber, kiçä – kelam» ýaly jümleleri okap, salamlaşmak edebiniň halkymyzyň medeniýetini, ahlak kadalaryny açyp görkezýän durmuş hakykatydygyna göz ýetirýärsiň.
Hadysda: «Salam beriji bir adam salama başlasa, ol tekepbirlikden halasdyr» diýlip bellenilýär. «Kowusnamada» bolsa: «Goňşyň ýaş çagalaryny görseň, ogşap, bagryňa basgyn. Mähelledäki garrylar bilen saglyk-amanlyk soraş, olaryň hormatyna eýe bol» diýilýär. Salamlaşmak edebi ýokary adamkärçilikden nyşan bolup, adamzat gatnaşyklary hem şol sözden başlanýar. Salamlaşmak birek-birege parahatlyk, abatlyk, saglyk dilemekdir. Halkymyzda «Edebiň başy salamdan başlanýar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Bu sözüň özeninde adamlaryň arasyndaky ýürekdeşlik, hoşniýetlilik, adamkärçilik şöhlelenýär. Adama howanyň, suwuň, iýmitiň gerek bolşy ýaly, onuň edebi-de gerekdir. Türkmençilikde salamlaşmak edebiniň şeýle asylly kadalary halkymyzyň öz milliligine, urp-adatlaryna goýýan sarpasyny alamatlandyrýar. Heňňamlar aýlanyp, döwürler geçse-de, belent adamkärçilikden nyşan bolan salamlaşmak edebi mydama hormaty, sylagy alamatlandyryp gelýär. Bize bolsa bu dessury berjaý edäýmek galýar.
Şeýle ajaýyp ýörelgäni dowam edip, däp-dessurlarymyzy we milli mirasymyzy has-da baýlaşdyrmaga giň ýol açyp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.
Hurmagül Annagurbanowa,
Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.