Ýaponiýanyň Gifu prefekturasynda arheologlar ýaşy 12 asyr töweregi bolan bürünç daşy ýüze çykardylar. Ony bir wagtlar, 710-794-nji ýyllarda Nara eýýamynyň dolandyryş merkezi hasaplanýan Manakosi etrabyndan tapdylar. Ken diýen at bilen tanalýan çeküw daşlary gadymy döwürlerden belli bolşy ýaly, salgyt tölemek üçin niýetlenen harytlaryň agramyny ölçemek üçin peýdalanylypdyr.