“Samsung” ilkinji 5K monitoryny tanyşdyrdy

123

Dür­li elekt­ron en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy il­kin­ji 5K du­ru­ly­gyn­da­ky ek­ra­ny ön­dür­di. “View­Fi­ni­ty S9” at­ly mo­ni­to­ryň kom­pa­ni­ýa­nyň “Ti­zen” ama­ly bi­len üp­jün edil­me­gi onuň ar­tyk­maç­ly­gy­ny art­dyr­ýar. Ulu­ly­gy 27 dýuým bo­lan bu ek­ra­nyň du­ru­ly­gy 5120×2880 pik­sel bo­lup, ýa­ny bi­len 4K web ka­me­ra­sy hem hö­dür­len­ýär. Bu ka­me­ra eme­li aň bi­len iş­le­ýär. Şeý­le­lik­de tä­ze mo­ni­tor “Sam­sung M” se­ri­ýa­syn­dan soň­ra kom­pa­ni­ýa­nyň ikin­ji akyl­ly mo­ni­to­ry ha­sap­lan­ýar. Ek­ra­ny “Ti­zen” plat­for­ma­sy ar­ka­ly te­le­wi­zor hök­mün­de aý­ra­tyn­lyk­da ula­nyp bol­ýar.
Dik­li­gi­ne we ke­se­li­gi­ne ula­nyp bol­ýan ek­ran HDMI, USB Tip-C, “Disp­lay­Port”, “Thun­der­bolt 4” we 96W ener­gi­ýa gi­riş­le­ri bi­len üp­jün edi­len. Tä­ze mo­ni­to­ryň şu ýy­lyň ba­şyn­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak­dy­gy mä­lim edil­di.

Gü­lä­lek Hom­ma­do­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.