Ir zamanlarda bir obada iki ussa ýaşapdyr. Olaryň biri kyrk günde bir käse, beýlekisi bolsa bir günde kyrk käse ýasaýan eken. Kyrk günde bir käse ýasaýan ussa gurply ýaşap, bir günde kyrk käse ýasaýan adamyň bolsa güzerany öwerlik däl eken.
Bir gün märekede bir goja olardan munuň sebäbini sorapdyr.
– Eý, atam, men-ä «Arzanyň arzysy bolmaz» diýleninden ugur alýan-da guýumyny, ýugrumyny ýagşy ýetirip, kyrk günde bir käse ýetişdirýän, hyrydaram ýetik – diýip, olaryň biri jogap beripdir.
– Men bolsa gije-gündiz diýmän işlesem-de, günüm gowulaşyberenok. Ýasaýan käselerim gara şaýa-da geçenok – diýip, beýleki ussa jogap beripdir.
– Onuň ýaly bolsa siziň ýasan käseleriňizi görmek gerek – diýip, goja olara käselerini getirmegi tabşyrypdyr.
Şeýlelikde, goja kyrk käsäni hatarlap goýupdyr-da, kyrk günde ýasalan çoýun ýaly käsäni eline alyp, hatara duran käselere tarap aýlap zyňypdyr. Hatara duran käseler kül-uşak bolupdyr, emma zyňlan käsä hiç hili zeper ýetmändir. Şondan soň goja:
– Ine, indi gördüňmi sebäbini, edýän işiňi yhlas bilen etseň, edýän işiň sanyna däl-de hiline üns berseň, harydyň hyrydary elmydama ýetik bolar – diýip, maslahat beripdir.
«Kämil ynsan kemalyndan belli».
PDF









