Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory jenap Hu Musziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş saparynda bolýar. Olar saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýini gezdiler.
Myhmanlar ilki bilen muzeýe aýlanyp türkmen sungat eserlerini synladylar. Muzeýiň gaznasynda eserleriň çeperçilik taýdan rejeleýiş işleriniň geçirilişi bilen tanyşdylar. Soňra Jenap Hu Muszin bilen Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýolbaşçysynyň arasynda muzeý işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda muzeý işiniň özara gyzyklanma bildirýän wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýi bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilelikde türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhyny hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýetini açyp görkezýän sergileri yzygiderli geçirmegi maksat edilýär. Maslahatda Hytaý Halk Respublikasynda yzygiderli geçirilýän Halkara (Şanhaý) Maddy däl Medeni Mirasy Goramak forumyna Şekillendiriş sungaty muzeýi wekilleri gatnaşmaga çagyryldy.
Çeşme: medeniyet.gov.tm