
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi halkara baýramçylygyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy diňe bir ýurduň parahatçylykly ösüşini kesgitlemän, eýsem, tutuş sebitde durnuklylyga, hyzmatdaşlyga hem ýardam berýär.
Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti giňden beýan edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi.
Türkmenistanyň häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän aýratyn ornuny açyp görkezýän çuň mazmunly neşirleriň hataryna döwlet Baştutanymyzyň täze eseri –
«Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby hem mynasyp goşant boldy. Bu eser dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi gazanmagyň döwlet ideologiýasy hökmünde kabul edilýän türkmen nusgasynyň syýasy-filosofik esaslaryny beýan edýär.
Kitapda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň taryhy taýdan kemala gelşi, onuň halkara hukugyndaky aýratyn orny, şeýle hem dünýä döwletleri tarapyndan aýratyn ynanyşylan platforma hökmünde ykrar edilmegi giň maglumatlar bilen şöhlelendirilýär. Döwlet Baştutanymyz bu eserde Bitaraplygyň diňe bir syýasy dereje däldigini – onuň parahatçylyk döredijilik, ynsanperwerlik we döwletara gatnaşyklary sazlaşdyryjy güýç hökmünde çykyş edýändigini seljerme usuly bilen açyp görkezýär. Neşirde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýöredilýän köpugurly daşary syýasatyň esasy ugurlaryny – goňşuçylyk, sebitleýin hyzmatdaşlyk, halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyk, ykdysady diplomatiýa, energetika we ulag ugurlary ýaly möhüm meseleleri giňişleýin beýan edýär. Kitapda aýratyn nygtalýan meseleleriň biri hem Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagyň we gatnaşyklaryň berkligini üpjün edýän syýasy platforma hökmünde ählumumy derejesiniň ykrar edilmegidir. Kitapda aýratyn nygtalýan meseleleriň biri hem Türkmenistanyň dünýä ýurtlarynyň arasynda ynanyşmagyň we gatnaşyklaryň berkligini üpjün edýän syýasy platforma hökmünde ählumumy derejesiniň ykrar edilmegidir.
Eserde ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer ugurdaky işler, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk, saglygy goraýşyň halkara standartlarynda ösdürilişi, ählumumy ynsanperwer çäreler, tebigaty goramak boýunça ählumumy başlangyçlar aýratyn orun alýar. Şol jähetden kitap dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň ynsanperwer diplomatiýasynyň çuňňur mazmunyny ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz
bu eserinde ýurdumyzyň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny seljerip, olaryň ählumumy derejede goldanylmagynyň sebäplerini ylmy we syýasy taýdan düşündirýär.
Neşirde Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze ugurlary bellenilýär. Döwlet
Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk derejesi Türkmenistan üçin giň diplomatik mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, kitap häzirki zaman halkara gatnaşyklary boýunça ylmy-nazary çeşme hökmünde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitap häzirki döwrüň halkara diplomatiýasyna Türkmenistanyň goşandynyň düýpli seljermesi bolup çykyş edýär. Eser okyjylara Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ösüş ýoluny, onuň dünýä parahatçylygyna hyzmatdaşlygyny, döwletimiziň halkara giňişlikde eýeleýän ynamly ornuny giňden açyp görkezýär.
Bu kitap diňe bir döwlet syýasatynyň ýolbeledi däl, eýsem, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň gymmatlyklaryna hyzmat edýän ähmiýetli umumadamzat eseri hökmünde aýratyn baha mynasypdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirilen ajaýyp kitabynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlarynyň giňden beýan edilmegi oňa bolan gyzyklanmany artdyrýar. Täze kitapda berkarar Watanymyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň beýan edilýändigi bizi has-da buýsandyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylmagy ýöne ýere däl. Çünki hemişelik Bitaraplygyň halkymyz, döwletimiz üçin uly ähmiýeti bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, biziň Bitaraplygymyz dünýä halklaryny belent maksatlara birleşdirýän, parahatçylygy hem-de dost-doganlygy ösdürýän ýörelgämizdir.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksadynyň halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdygyny aýratyn belläp geçýär. Şoňa görä-de, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň buýsanjydyr, beýik gymmatlygydyr.
Hormatly Prezidentimiziň öz kitabynda belläp geçişi ýaly, häzirki wagtda «bitaraplyk», «öňüni alyş diplomatiýasy», «parahatçylyk», «ösüş» düşünjeleri täzeçe baý mazmuna eýe bolýar. Halkara bileleşigiň sebitiň möhüm wezipelerine ünsüniň çekilmegi hem birbada amala aşyrylmady. Munuň özi, belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara syýasat bilen baglanyşykly taryhy ösüşiniň dowamynda kemala gelip, wagtyň geçmegi bilen, ol has-da berkedi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň durmuşyň hözirini duýup, rahat ýaşamagyna, durmuşyň döredijilikli ýollarynyň üstünlige eltýändigine bolan ynamynyň pugtalanmagyna itergi berýär. Şoňa görä-de, Bitaraplyk diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr, parahatçylygy we ynanyşmagy rowaçlandyrmagyň möhüm şertidir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy adamzadyň öňünde geljege barýan iň ygtybarly ýollary — adalatyň hem ýeňşiň ýollaryny açýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde täze kitabyny sowgat eden hormatly
Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri rowaç bolsun.
Aýlar Baýramowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
PDF








