Hä­zir­ki döw­rüň teh­no­lo­gi­ýa ösü­şi döw­let we jem­gy­ýet gur­lu­şy­nyň äh­li ugur­la­ry­na tä­sir ed­ýär. San­ly ul­gam­la­ryň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy do­lan­dy­ryş pro­ses­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýar. Şo­nuň üçin san­ly do­lan­dy­ryş we ki­ber­howp­suz­lyk hä­zir­ki za­man döw­let­le­ri­niň iň mö­hüm stra­te­gi­k ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
San­ly do­lan­dy­ryş döw­let hyz­mat­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik pro­ses­le­ri­niň we yk­dy­sa­dy­ýe­tiň san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly ne­ti­je­li we açyk gör­nüş­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­dir.
Ki­ber­howp­suz­lyk san­ly mag­lu­mat­la­ry, ul­gam­la­ry we inf­rast­ruk­tu­ra­ny daş­ky hem iç­ki ki­ber­howp­lar­dan go­ra­mak üçin ni­ýet­le­nen çä­re­le­riň, se­riş­de­le­riň we düz­gün­le­riň top­lu­my­dyr.
San­ly do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň ne­ti­je­li iş­le­me­gi ki­ber­howp­suz­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr. Eger-de mag­lu­mat se­riş­de­le­ri go­ral­ma­dyk bol­sa, döw­let hyz­mat­la­ry­nyň san­ly gör­nü­şe geç­me­gi uly tö­wek­gel­çi­lik­le­re se­bäp bo­lup bi­ler.

Sanly dolandyryş babatda kiberhowpsuzlyk:
döwlet maglumat gorlarynyň ygtybarlylygyny üpjün edýär;
sanly hyzmatlaryň durnukly işlemegine kömek edýär;
raýatlaryň şahsy maglumatlaryny gorap saklaýar;
ykdysady we syýasy howpsuzlygy berkidýär;

San­ly do­lan­dy­ryş bi­len ki­ber­howp­suz­lyk bi­ri-bi­ri­ne berk bag­la­nan ugur­lar­dyr. Döw­le­tiň üs­tün­lik­li ösü­şi di­ňe teh­no­lo­gi­ýa taý­dan däl, eý­sem mag­lu­mat howp­suz­ly­gy taý­dan hem dur­nuk­ly bo­lan­da müm­kin bol­ýar.

Begenç AMANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň assistenti.