Ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my – mu­kad­des Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň be­lent dö­re­di­ji­lik ru­hu­ny, öz­ger­di­ji güý­jü­ni ala­mat­lan­dyr­ýan da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül des­se­le­ri go­ýul­dy
Asyl­ly dä­be gö­rä, esa­sy baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri hä­zir­ki we gel­jek ne­sil­le­riň ýa­dyn­da mü­di­mi­lik gal­jak ta­ry­hy wa­ka­nyň – Wa­ta­ny­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň bi­na­gär­lik ny­şa­ny­na – Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­na gül goý­mak da­ba­ra­sy bi­len baş­lan­dy. Bu çä­rä hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem gat­naş­dy.
Ir sä­her bi­len Ga­raş­syz­lyk bi­na­sy­nyň öňün­de il­deş­le­ri­miz hem-de baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­naş­mak üçin paý­tag­ty­my­za ge­len myh­man­lar ýyg­nan­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra­ly ýag­daý­da türk­men hal­ky­nyň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­my­nyň be­ýik üs­tün­lik­le­ri­niň ny­şa­ny bo­lan ýa­dy­gär­lik top­lu­my­nyň öňün­de gül des­se­si­ni goý­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat hem-de Arkadag şäherleriniň hä­kim­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ta­lyp ýaş­lar, paý­tag­ty­my­zyň köp san­ly ýa­şaý­jy­la­rydyr myh­man­la­ry gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar.

Da­ba­ra­ly har­by ýö­riş ge­çi­ril­di
Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li esa­sy da­ba­ra­lar Döw­let mün­be­ri top­lu­my­nyň öňün­de ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň Baş­ly­gy we de­pu­tat­lar, Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, şeý­le hem Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri, ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­my­za ge­len da­şa­ry ýurt we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.
Döw­let mün­be­ri­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň äh­li go­şun gör­nüş­le­ri­niň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň baý­ram­çy­lyk mynasybetli da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­ş ge­çi­ril­di. Onuň do­wa­myn­da Wa­ta­ny­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat we asu­da dur­mu­şy­nyň, mu­kad­des ser­het­le­ri­niň hem-de Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ga­za­nan­la­ry­nyň go­ra­gyn­da du­ran türk­men es­ger­le­ri­niň ýo­ka­ry hü­när us­sat­ly­gy, ba­şar­jaň­ly­gy gör­ke­zil­ýär.
Ýö­ri­şe gat­naş­ýan­la­ryň dü­zü­min­de ýö­ri­te­leş­di­ri­len ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň har­by gul­luk­çy­la­ry we har­by ta­lyp­la­ry, Mil­li go­şu­ny­my­zyň es­ger­le­ri­dir ser­ker­de­le­ri bar.
Ýur­du­my­zyň Har­by-de­ňiz güýç­le­ri­niň har­by gä­mi­le­ri­niň göz­den ge­çi­ri­li­şi baý­ram­çy­ly­gyň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy bol­dy. Döw­let mün­be­ri­niň meý­dan­ça­syn­da gur­na­lan ýö­ri­te uly ek­ran ar­ka­ly gö­ni ýaý­lym­da çä­rä gat­na­şy­jy­lar bir wag­tyň özün­de Ha­zar deň­zin­de ge­çi­ril­ýän de­ňiz flo­tu­nyň baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­ni syn­la­dy­lar.
Döw­let mün­be­ri­niň top­lu­my­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň we beý­le­ki har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň dü­züm­le­ri­niň we har­by teh­ni­ka­la­ry­nyň ýö­ri­şi bol­dy. Ýö­ri­şiň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň go­ra­nyş kuw­wa­ty­ny üp­jün et­mä­ge ni­ýet­le­nen hä­zir­ki za­man ýe­rüs­ti, ho­wa uçar teh­ni­ka­la­ry we ýa­rag­lar gör­ke­zil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Garaşsyzlygynyň şan­ly 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk har­by ýö­ri­şi­ne gat­naş­ýan iň hä­zir­ki za­man ýe­rüs­ti we har­by ho­wa teh­ni­ka­la­ry hem-de ýa­rag­ly dü­züm­le­ri ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ahal­te­ke be­de­wi sow­gat be­ril­di
Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­nyň çäk­le­rin­de at es­bap­la­ry – şaý-sep­ler bi­len be­ze­len aja­ýyp ahal­te­ke be­de­wi Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döwründe ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly öz­gert­me­ler, türk­men hal­ky­nyň bag­ty­ýar­ly­gy hem-de aba­dan­çy­ly­gy, Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da he­mi­şe­lik ala­da­sy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za sow­gat be­ril­di. Gün şöh­le­si­ne lo­wur­da­ýan Ar­ka­ly at­ly bu naý­ba­şy be­dew ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň muş­dak­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den ta­nal­ýan Me­le­guş we El­wan di­ýen be­dew­le­riň nes­lin­den­dir.

Ýur­du­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler gör­ke­zil­di
Soň­ra meý­dan­ça­da ýur­du­my­zyň ýe­ten sep­git­le­ri­ni we ga­za­nan üstün­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­ýän baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi bol­dy. Meý­dan­ça­dan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry, Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, Ar­ka­dag, Aş­ga­bat şä­her­le­ri­niň we we­la­ýat hä­kim­lik­le­ri­niň iş­gär­le­ri hem-de ýüz­ler­çe zäh­met­keş­ler geçdiler.
Umu­man, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň her bi­ri­niň ýe­ten sep­git­le­ri we üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da ýaň­lan­ýan söh­bet bi­len ut­gaş­ýar, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ösü­şi hä­zir­ki döw­rüň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­di.
Ýur­du­my­zyň baş meý­dan­ça­syn­da­ky dabaralar Berkarar döwletiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwrüne, Wa­ta­ny­my­zyň hä­zir­ki bag­ty­ýar gü­nü­ne we röw­şen gel­je­gi­ne ba­gyş­la­nan «Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ryň ak ýo­ly bi­len öňe!» at­ly aý­dym-saz­ly kom­po­zi­si­ýa bi­len ta­mam­lan­dy. Aş­ga­bat­da ba­dal­ga alan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de şow­hun­ly we uly ru­hu­be­lent­lik bi­len ge­çi­ril­di.
Kö­pö­wüş­gin­li fe­ýer­werk şü­we­le­ňi
Da­ba­ra­lar ag­şam «Älem» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da baý­ram­çy­lyk kon­ser­ti bi­len do­wam et­di. On­da ýur­du­my­zyň meş­hur est­ra­da aý­dym­çy­la­ry çy­kyş et­di­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­lar Aş­ga­bat­da kö­pö­wüş­gin­li fe­ýer­werk şü­we­le­ňi bi­len ta­mam­lan­dy. Ol döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­lyk baý­ra­my­ny has-da da­ba­ra­lan­dy­ryp, hem­me­ler­de ýa­kym­ly tä­sir­le­ri gal­dyr­dy.