Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 26-njy noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary, magistrleri, talyplary, daşary ýurt kompaniýalaryň, halkara guramalaryň hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahata 22 döwletden, ýagny Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Italiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Indoneziýanyň, Pakistanyň, Awstriýanyň, Eýranyň, Rumyniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Panamanyň, Iordaniýanyň we Türkmenistanyň 1500-e golaý hünärmenleri, alymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Sergide täze sanly çözgütler, interaktiw okuw serişdeleri, bilim ulgamyna niýetlenilen programma üpjünçilikleri bilen bir hatarda bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanan üstünliklerini beýan edýän diwarlyklar we milli gymmatlyklarymyz görkezildi.
Soňra “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy boldy, onda çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Halkara derejesindäki bu forumyň esasy maksady sanly innowasiýalaryň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň mümkinçiliklerini seljermekden we sanlylaşdyrma boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.
Ylmy-amaly maslahat öz işini “Bilim ulgamynda sanlylaşdyrma we sanly tehnologiýalar”, “Kiberhowpsuzlyk we emeli aň” we “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde sanly ykdysadyýetiň orny” atly bölümlerde dowam etdirdi.
Maslahatyň umumy mejlisinde 30-dan gowrak we 3 sany bölümleriň işinde bolsa 120-den gowrak ylmy çykyşlar diňlenildi. Halkara ylmy-amaly maslahatynda Türkmenistanyň ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar ulgamynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, kompaniýalary, halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge hem-de bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga hemişe taýýardygy bellenildi
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti.