XXI asyr maglumat tehnologiýalarynyň we sanly ykdysadyýetiň asyrydyr. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki ösüş derejesi maglumatlaryň, intellektual mümkinçilikleriň we innowasiýanyň täze görnüşlerini talap edýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet derejesindäki tagallalary bilen halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» ýurdumyzyň ykdysady ulgamyny täze derejä çykarmagy, döwleti dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de dünýä ykdysady giňişligine has çuň integrasiýany maksat edinýär. Bu konsepsiýa diňe içerki ösüşiň däl-de, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň açylmagyna hyzmat edýän möhüm syýasy we ykdysady resminama bolup çykyş edýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet syýasaty milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmaga, maglumat akymlarynyň açyklygyny we elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Konsepsiýanyň esasy maksady – ykdysadyýetiň sanly ekoulgamyň binýadyny döretmek, önümçiligiň, hyzmatlaryň we dolandyryşyň ähli basgançaklarynda häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmakdyr.
Sanly ykdysadyýetiň halkara hyzmatdaşlyk taýdan ähmiýeti
Türkmenistan sanly ykdysadyýeti ösdürmekde halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun berýär. Ýurduň bu ugurdaky başlangyçlary BMG, Bütindünýä Telekommunikasiýa Birleşigi (ITU), Bütindünýä Banky, Ýewropa Bileleşigi we beýleki halkara guramalar tarapyndan goldanylýar.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistan:
* döwlet dolandyryşynyň açyklygyny we netijeliligini üpjün edýär;
* halkara söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýeňilleşdirýär;
* logistika, energetika we bank ulgamlarynda maglumat geçirijiligiň derejesini ýokarlandyrýar;
* innowasion tehnologiýalaryň halkara bazarlaryna integrasiýasyny üpjün edýär.
Şeýlelikde, ýurdumyz sanly ykdysadyýetiň ösüşinde diňe içerki ösüşi däl, eýsem, sebitleýin we halkara maglumat hyzmatdaşlygynyň möhüm halkasyna öwrülýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy ýurdumyzyň ähli ykdysady pudaklarynda täze mümkinçilikleri açdy. Energetika, ulag-logistika, bank hyzmatlary, saglygy goraýyş, bilim we oba hojalyk ulgamlarynda häzirki zaman maglumat ulgamlary ornaşdyrylýar.
Energetika ulgamynda: sanly gözegçilik ulgamlary we awtomatlaşdyrylan energetika merkezleri döredilýär.
Ulag ulgamynda: Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan sanly logistika platformalary işlenip taýýarlanylýar.
Bank ulgamynda: internet-bank, mobil töleg we elektron söwda ulgamlary giňden ornaşdyrylýar.
Bilim ulgamynda: «Sanly bilim» portaly, wirtual sapaklar we maglumat bazalary arkaly bilimleriň elýeterliligi ýokarlanýar.
Saglygy goraýyşda: «E-Saglyk» ulgamynyň ornaşdyrylmagy lukmançylyk hyzmatlarynyň elektron görnüşde amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Bu sanly özgertmeler diňe ykdysady täsirleri däl, eýsem, jemgyýetiň durmuş hiliniň gowulanmagyny hem üpjün edýär.
BMG-niň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýäde ykdysady ösüşiň, takmynan, 15–20 göterimi sanly ykdysadyýet arkaly emele gelýär, bu bolsa täze ykdysady modeliň – «dördünji senagat öwrülişiniň» amala aşýandygyny görkezýär. Sanly ykdysadyýet bu maglumat tehnologiýalaryna, elektron hyzmatlara, sanly kommunikasiýalara we intellektual ulgamlara daýanýan ykdysady ulgamdyr. Onuň esasy maksady ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we hyzmatlaryň elýeterliligini giňeltmekden ybaratdyr.
Hytaý häzirki wagtda dünýäniň iň iri sanly ykdysadyýetleriniň biridir. Bu döwletde sanly ykdysadyýet ýurduň jemi içerki önüminiň (JIÖ), takmynan, 45 göterimini düzýär. Hytaýyň «Digital China» atly milli konsepsiýasy maglumat alyş-çalyşynyň doly awtomatlaşdyrylmagyny, elektron hökümet ulgamynyň ähli sebitlerde ornaşdyrylmagyny maksat edinýär. ABŞ sanly ykdysadyýetiň döredijilik we innowasiýa merkezidir. «Silikon jülgesi» dünýäniň sanly ösüşiniň mekdebi hasaplanýar. Sanly ykdysadyýet bu ýurduň JIÖ-niň 9 trillion dollardan gowrak bölegini emele getirýär.
Ýewropa ýurtlary sanly ykdysadyýeti ösdürmekde toplumlaýyn çemeleşmäni ulanýarlar. Ýewropa Bileleşiginiň «Digital Europe Programme» maksatnamasy 2021–2027-nji ýyllar aralygynda sanly infrastruktura, maglumat bilimleri, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlara 7,5 milliard ýewro maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Germaniýa, Fransiýa, Niderlandlar we Finlýandiýa ýaly ýurtlar sanly hyzmatlar ulgamyny iň ýokary derejede ornaşdyran döwletleriň hatarynda durýarlar.
Koreýa Respublikasynyň «Smart Nation» konsepsiýasy şäher dolandyryşyny we jemagat hyzmatlaryny sanly esasda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ýaponiýada bolsa «Society 5.0» atly maksatnama jemgyýetiň ähli ugurlaryny maglumat we robot tehnologiýalary bilen sazlaşykly utgaşdyrmagy maksat edinýär.
Şu mysallardan hem görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet XXI asyryň dünýä ösüşiniň esasy güýji bolup, açyklygy, innowasiýany we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün edýär.
Miwegözel ANNAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.