21-22-nji sentýabrda paýtagtymyzda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu gözden geçiriliş aýratyn ähmiýete eýe boldy. Senagat ösüş ýoly bilen ynamly öňe gidip, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, onuň serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigi nygtalýar.
Sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşdylar. Innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berildi. Şonuň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty we mümkinçilikleri «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň giň gerimli diwarlyklary arkaly görkezildi.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işi özara berk baglanyşyklydyr. Himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda halk hojalygynyň isleglerini üpjün etmek üçin mineral dökünleri, nebitden öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini görkezmek bolar.
Ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtoulag, demir ýol we howa menzillerine çykmak arkaly howa we ýerüsti ýollary birleşdirýän gatnawlaryň ulgamy üstünlikli döredilýär. Bular «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň sergi bölümlerinde aýdyňlyk bilen beýan edildi.
Gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljegi uly we okgunly ösýän ulgamlarynyň biridir. Sergide suw üpjünçilik we yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, işjeň dynç almak ulgamy babatda gurluşyk desgalarynyň nusgalary, innowasion işläp taýýarlamalar görkezildi.
Tikin we trikotaž önümleriniň görnüşleri artýar
Obasenagat toplumynyň we söwda ulgamynyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeledi. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň köp görnüşleri görkezildi.
Dokma senagaty ministrligi eksport ugurly önümlerini hödürledi. Nah ýüplük we ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň köp görnüşleri ýokary hilliligi hem-de ajaýyp bezegi, milli öwüşginliligi bilen tapawutlanýar.
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň özboluşly, döwrebap haly önümleri hem-de hususy ulgamyň we senetçileriň özboluşly önümleri — milli lybaslar, şaý-sepler, keşdeler, taryhy ýerler, ýurdumyzyň nyşanlary, paýtagtymyzyň ajaýyplyklary şekillendirilen sowgatlyk önümleri uly gyzyklanma döretdi.
Milli ykdysadyýetimizde uly goşant goşýan telekeçilier köp ýyldan bäri dürli ugurlarda iş alyp barýarlar. Ýurdumyzyň gurluşyk düzümleriniň hatarynda «Ussat Inžener», «Ak Bulut», «Derýaplastik», «Ugurly ýol», «Berk menzil gurluşyk», «Senagat plastik» ýaly kärhanalar we beýlekiler bar. «Aýbölek», «Çigildem», «Hasar» we «Täze Aý» ýaly söwda nyşanlary bilen öndürilen dürli harytlar sergide öz beýanyny tapdy.
Iki günlük sergi tamamlanandan soň, oňa gatnaşanlara degişli diplomlar we güwänamalar gowşuryldy.