Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­ler hal­ka­ra de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2025-nji ýyl hut Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi­niň ta­rap­da­ry­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­ýär.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy hakynda» Ka­rar­na­ma­lar ka­bul edi­lip, Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy üç mer­te­be yk­rar edil­di. Şu ag­za­lan hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýyn­dan ge­lip çyk­ýan ter­tip­de döw­le­ti­mi­ziň ser­het­le­ri dost-do­gan­lyk ser­het­le­ri­ne öw­rü­lip, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dost-do­gan­lyk, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na giň müm­kin­çi­lik dö­ret­di.
Asyr­lar­bo­ýy uly is­leg-ar­zuw bi­len ýa­şan hal­ky­myz pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yla­la­şy­gyň we halk­la­ryň ara­syn­da dost­lu­gyň ha­ky­ky mer­ke­zi­ne öw­rü­len Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bitarap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de bag­ty­ýar ömür sür­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da, ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­lyk ta­ry­hy se­ne­si bel­le­nil­ýän döw­le­ti­miz­de aja­ýyp wa­ka­lar ru­hu­be­lent­li­giň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň, hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ryň, aba­dan­çy­ly­gyň bin­ýa­dy bo­lup ta­ry­hy­my­za gir­ýär. Hä­zir­ki za­ma­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da özü­niň my­na­syp we tä­sir­li or­nu­ny bar­ha ber­kid­ýän he­mi­şe­lik Bitarap Türk­me­nis­tan, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çuň­ňur paý­has­ly baş­tu­tan­ly­gy esa­syn­da, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň tä­ze ýe­ňiş­li sep­git­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar.
Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­let bol­mak bi­len, umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na we de­mok­ra­ti­ýa­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­mek, ýur­duň için­de ag­zy­bir­li­gi, asu­da­ly­gy amal et­mek, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­lyk­da bo­lup, öz yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­ny ýö­ret­mek ýa­ly asyl­ly iş­le­ri üs­tün­lik­li ber­jaý ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­de we se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi ug­run­da ta­gal­la­la­ra özü­niň my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň 150-den gow­rak döw­le­ti bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry ýo­la go­ýup, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň 50-den gow­ra­gy­nyň ag­za­sy bol­mak bi­len bir ha­tar­da, hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ryň we şert­na­ma­la­ryň, beý­le­ki köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň 200-den gow­ra­gy­na gat­naş­ýan­dy­gy iş­jeň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Go­şu­lyş­maz­lyk He­re­ke­ti­niň, Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň, Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ri hal­ka­ra dü­züm­le­riň dur­mu­şa ge­çir­ýän mak­sat­na­ma­la­ry­ny, me­ýil­na­ma­la­ry­ny we tas­la­ma­la­ry­ny mak­sat­la­ýyn ugur­la­ra gö­nük­di­rip ulan­mak işi­ni giň­den ýo­la goý­mak bi­len, he­re­ket ed­ýän hal­ka­ra şert­na­ma­lar hem-de kon­wen­si­ýa­lar bo­ýun­ça öz hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge wa­jyp we­zi­pe­ler hök­mün­de ga­ra­ýar.
Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­ny bü­tin hal­ky­myz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň da­şy­na bar­ha je­bis­leş­mek bi­len, ýo­ka­ry gö­te­ri­liş ýag­da­ýyn­da, tä­ze üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak bi­len gar­şy­la­ýar. Bu hal­ka­ra baý­ram Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny, ga­za­nyl­ýan ägirt uly üs­tün­lik­le­ri, hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny dün­ýä ýaý­ýan baý­ram­dyr. Ýur­du­myz­da şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li dür­li da­ba­ra­lar­dyr çä­re­ler bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, bü­tin adam­zat äh­mi­ýet­li be­ýik baş­lan­gyç­la­ry üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Rena Atajanowa,
Darganata etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary.