«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçen 2024-nji ýyl uly üstünlikler bilen tamamlandy. Bu ýyl syýasy we ykdysady ugurlarda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine tarap döredijilik ýoly bilen öňe barýan halkymyzyň medeni we ruhy durmuşynda gazanylan uly üstünlikler bilen ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna ýazyldy.
Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, 2025-nji ýyly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şatlyk-şowhun bilen garşy aldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda belleýşi ýaly, tamamlanan ýyl Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda halkymyzyň durmuşyny üstünliklere beslän ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, taryhy başlangyçlary has-da rowaçlandy.
Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary, önumçilik binalary, başga-da köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýly bolmak bagtyna eýe boldular. 2024-nji ýylda Daşoguz welaýatymyz üçin esasy wakalaryň birine öwrülen hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanyp täze döwrebap ýaşaýyş jaýlar we desgalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi şanly wakalaryň biri boldy. Umumy tutýan meýdany 71 gektara barabar bolan bu toplumda 1496 maşgala niýetlenen jemi 70 sany: 51 sany 4 gatly 24 öýli, 15 sany 4 gatly 16 öýli, şeýle hem 4 sany 4 gatly 8 öýli ýaşaýyş jaýlary 30 ýyllyk karzyň hasabyna guruldy. Täze toplumda 600 orunlyk döwrebap orta mekdebi, 240 orunlyk çagalar bagy, saglyk merkezi we hyzmatlar öýi gurlup ulanmaga berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwrebap özgertmeleri geçirmek we pudagy toplumlaýyn ösdürmek, oba hojalygyny ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak arkaly bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak hem-de halkymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, şeýle hem oba zähmetkeşleriniň durmuş we zähmet şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Geçen ýyl bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kanunçylyk binýadynyň hem-de önümçilik gatnaşyklarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde daýhanlarymyza öndürijilikli zähmet çekmäge we bol hasyl almaga ähli mümkinçilikler döredilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan şygar alan geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejede birnäçe çäreler, maslahatlar geçirildi. Umuman, 2024-nji ýyl uly zähmet üstünliklerine beslendi, berkarar Watanymyzyň şan-şöhraty has-da beýgeldi.
Geljege gönükdirilen uly maksatlar öz miwelerini hem berýär. Olary amala aşyrmak hem hakyky hünär eýelerine, öz işiniň ussatlaryna bagly bolýar. Şoňa görä-de, döwrebap hünärmenleriň ýetişdirilmeginiň tutuş ýurduň geljekki ösüşine dahyllylykda örän möhüm ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnüklidir. Bu günki üstünlikler ertirlere ynam-umyt, ylham-ganat berýär. Ýetilen sepgitler bolsa ýagty geljek üçin täze gözýetimleri açýar.
Abatgylyç Nazarow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Şabat etrap birleşmesiniň başlygy.