Ýewropa Bileleşigi VISA, «Mastercard» we «Apple Pay» ýaly halkara töleg ulgamlaryna garaşlylygy azaltmak maksady bilen sanly ýewro taslamasyny taýýarlaýar. 5 ýyl ozal Ýewropanyň Merkezi Banky tarapyndan başlanan taslamanyň çäklerinde döwlet tarapyndan kepillendirilýän sanly töleg serişdesiniň döredilmegi maksat edinilýär.
Daniýa ýylyň başynda Ýewropa Bileleşiginiň döwürleýin başlyklygyny kabul edipdi. Ýurt 6 aý dowam edýän bu döwürde sanly ýewro taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine agza 20 ýurt ýewro pul birligini ulanýar.
Mähri GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF









