“Axiom Space” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem-de ABŞ-nyň Awia­kos­mos eda­ra­sy­nyň we­kil­le­ri il­kin­ji sa­ud ara­bys­ta­ny­ly ze­na­nyň 8-nji maý­da kos­mo­sa uçu­ryl­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ýaý­ra­dy­lan be­ýa­nat­da bir ze­nan hem-de bir er­kek sa­ud ara­bys­ta­ny­ly ast­ro­naw­tyň Hal­ka­ra Kos­mos be­ke­di­ne ýö­ri­te mak­sat­ly sy­ýa­ha­ty gu­ra­jak­dyk­la­ry we 10 gün bol­jak­dyk­la­ry mä­lim edil­di. Uçuş “SpaceX” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Falcon 9” ra­ke­ta­sy ar­ka­ly Flo­ri­da­da­ky kos­mod­rom­dan ama­la aşy­ry­lar. Şeý­le­lik­de luk­man­çy­lyk bar­lag­la­ry­ny ge­çir­mek bi­len meş­gul­lan­ýan alym, Raý­ýa­nah Bar­na­wi kos­mo­sa çy­kan il­kin­ji ze­nan sa­ud ara­bys­ta­ny­ly bo­lar. Şeý­le hem onuň ýa­ny bi­len, wa­tan­da­şy, uçar­man Ali Al-Kar­ni hem kos­mo­sa gi­der.
Kos­mos gä­mi­sin­de NA­SA-nyň ze­nan ast­ro­naw­ty Peg­gi Wit­son, ame­ri­kan işe­wü­ri Jon Şoff­ner hem bo­lar.
ABŞ-nyň Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy soň­ky ýyl­lar­da hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Bu hyz­mat­daş­ly­ga “SpaceX” bi­len bir ha­tar­da “Axiom Space” we “Boeing” ýa­ly kom­pa­ni­ýa­lar hem go­şul­ýar.

Ogulsuraý Mämmedowa, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.