Saud Arabystanynyň Kiddiýa şäher seýilgähinde meýdany 376 inedördül kilometre deň bolan “Falcon’s Flight” seýilgähiniň gurluşygynyň ahyrky tapgyry alnyp barylýar. Onuň “Six Flags” atly bölüminde ýokary tizlikli we has beýik relsli ulgam dörediler diýlip, “The Sun” neşiri ýazýar.
“Falcon’s Flight” seýilgähiniň dünýäniň iň gyzykly we güýmenjelere baý attraksiony boljakdygy habar berilýär. Bu seýilgähdäki uzynlygy 4 kilometre, iň ýokary beýikligi 195 metre ýetýän attraksion oýun ulaglary çagalaryň we ulularyň göwnüni göterer. Sagatdaky tizligini 250 kilometre çenli artdyryp biljek bu ulaglar aýlawly relslerden ýokary çykyp, dik eňňitlerden aşaklygyna düşer. 14 adama niýetlenen attraksion oýun ulaglary 158 metr beýiklikde tolgundyryjy başdangeçirmeleri hödürläp, ýelden we çägeden goraýjy egri aýnalar bilen üpjün ediler.
Häzirki wagtda şeýle ulaglarda tizlik rekordy Ýakyn Gündogaryň başga bir ýurduna degişli bolup, “Ferrari World Abu Dhabi” seýilgähindäki wagonjyklar tizligini sagatda 240 kilometre çenli artdyrmaga ukyply. Şu ýylyň ahyrynda ulanmaga beriljek “Falcon’s Flight” seýilgähinde 28 sany attraksion oýunjagy ýerleşer.