Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygy G.Myradow ýurdumyzda geçirilýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä syn etmäge gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Russiýanyň parlament ýygnagynyň, Russiýa Federasiýasynyň merkezi saýlaw toparlarynyň, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan, Täjigistan Respublikalarynyň merkezi saýlaw toparynyň şeýle-de, Türki Döwletleriň, Yslam Hyzmatdaşlyk we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy ady agzalan dostlukly döwletleriň we halkara guramalarynyň wekillerini halkara synçy hökmünde Türkmenistanda görýändigine şatdygyny mälim edip, olara saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylan işler hem-de saýlaw kanunçylygynyň düzgünleri barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda wekiller Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräniň guramaçylykly, üstünlikli geçirilmegini arzuw etdiler.