Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň berýän maglumatlaryna görä, Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleriň 15,89 göterimini; welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 32,04 göterimini; etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 33,98 göterimini; Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň bolsa 30,72 göterimini zenanlar düzýär. Şunuň bilen birlikde, saýlawlara ýerli derejede syn edýän milli synçylaryň 50,47 göterimi hem zenanlardyr.