Milli koalisiýa partiýasynyň dalaşgäri, Finlýandiýanyň öňki Premýer-ministri Aleksandr Stubb we garaşsyz dalaşgär, “Ýaşyllar bileleşigi” partiýasynyň agzasy, öňki daşary işler ministri Pekka Haawisto 28-nji ýanwarda ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda öňe saýlandylar. Bu barada ýurduň Adalat ministrligi sesleriň 100%-i sanalandan soň habar berdi.
Saýlawlaryň birinji tapgyrynda dalaşgärleriň hiç birisi 50 göterim ses alyp bilmediler. Şoňa görä, 11-nji fewralda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler. Birinji tapgyryň netijelere görä, Stubb 28,3%, Haawisto, 25,8%, Finler partiýasynyň dalaşgäri, parlamentiň başlygy Ýussi Halla-aho 16,2% ses gazandy. Saýlawa jemi 9 partiýanyň dalaşgäri gatnaşdy. Ýurtda ses bermäge hukugy bolan 4,2 million raýatdan 3,2 million saýlawçy ses berip, gatnaşyk 79 göterim boldy. Şeýlelik bilen, ýurtda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler. Finlýandiýanyň Prezidenti alty ýyl möhlet bilen saýlanýar. Häzirki döwlet Baştutany Sauli Niinistýonyň ygtyýarlyklary fewral aýynda gutarýar. Ol bu wezipede yzygiderli iki möhlet işledi.
Täze döwlet Baştutanynyň kasam kabul edişlik dabarasy 1-nji martda geçiriler.
Finlýandiýa, Baltika deňziniň gündogar kenaryndaky Demirgazyk Ýewropadaky ýurt. Gündogarda Russiýa, demirgazykda Norwegiýa we günbatarda Şwesiýa bilen serhetleşýär. Günortada Fin aýlagyndan iň ýakyn goňşysy Estoniýadyr. Helsinki Finlýandiýanyň iň uly şäheri we paýtagtydyr. Soňky ýyllarda iň bagtly ýurt hasap edilýän bu ýurtda 5 million 568 müňden gowrak adam ýaşap, iň az ilatly ýurtlaryň hatarynda durýar.