Garaşsyz döwletimiziň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasat strategiýasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen bu sammite Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden taryhy çykyşynda bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny nygtamagy ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine berk eýerýändiginiň tassyklanmasy boldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu görnüşiň çäklerinde däp bolan ykdysady hyzmatdaşlygyň energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklar ýaly ugurlary bilen birlikde, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly täze ugurlaryna hem üns berilmegini zerur hasaplaýandygyny belledi.
Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Begmuhammet BAÝRAMGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.