25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

San­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­en iş mas­la­ha­tyn­da we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­le­riň ekin meý­dan­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän möw­süm­le­ýin iş­ler, gal­la ora­gy­nyň ne­ti­je­le­ri, ýyg­na­lan ha­sy­lyň sak­la­ny­ly­şy we gaý­ta­dan iş­le­ni­li­şi, bug­daý­dan bo­şan meý­dan­la­ry eki­şe taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Şu gün­ler we­la­ýat­la­ryň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da do­wam et­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len ýe­ral­ma, gök, bak­ja we beý­le­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ýyg­nap al­mak iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk al­nyp ba­ryl­ýar.
Şeý­le-de, hä­kim­ler Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek, şu ýyl açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ri­len me­de­ni-dur­muş, önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, ýyg­na­lyp al­nan gal­la­ny de­giş­li de­re­je­de sak­la­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di. Şol bir wag­tyň özün­de go­wa­ça ideg et­me­giň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ýo­la go­ýul­ma­gy hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­la­by bo­lup dur­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bug­daý­dan bo­şan meý­dan­la­ry ekiş möw­sü­mi­ne ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de taý­ýar­la­mak, we­la­ýat­la­ryň çäk­le­rin­de ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, suw how­dan­la­ry­ny, aka­ba­la­ry aras­sa sak­la­mak, ýe­tiş­di­ri­len gök, bak­ja, beý­le­ki ekin­le­riň ha­sy­ly­ny öz wag­tyn­da ýyg­na­mak hem-de ola­ry ter­li­gi­ne ba­zar­la­ra ug­rat­mak me­se­le­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da hä­kim­le­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Mun­dan baş­ga-da, suw se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­mak, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw bi­len üp­jün edil­me­gi mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýat­lar­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan me­de­ni-dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ry bel­le­nen möh­let­ler­de ulan­ma­ga ber­mek me­se­le­le­ri­niň yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy hem-de bu ba­bat­da hä­kim­le­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Soň­ra wi­se-prem­ýer A.Ýaz­my­ra­dow ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň al­nyp bar­ly­şy, aý­ra­tyn-da, ýe­tiş­di­ri­len bug­daý ha­sy­ly­ny sak­la­mak, orak­dan bo­şan meý­dan­lar­da sü­rüm we te­kiz­le­mek iş­le­ri­ni ge­çir­mek ug­run­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan top­lum­la­ýyn iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýär, ösüş su­wy tu­tul­ýar. Şun­da go­wa­ça eki­len meý­dan­lar­da ke­sel­le­re we zy­ýan­keş­le­re gar­şy gö­reş çä­re­le­ri de­giş­li de­re­je­de ýo­la go­ýul­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de pag­ta ýy­gy­my­na taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­la­ry we pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ry­ny möw­sü­me taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Şeý­le-de, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we suw üp­jün­çi­li­gi bo­ýun­ça iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, şu gün­ler al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň, aý­ra­tyn-da, orak­dan bo­şan meý­dan­lar­da ge­çi­ril­ýän sü­rüm we beý­le­ki oba ho­ja­lyk iş­le­rin­de he­re­ket ed­ýän kuw­wat­ly teh­ni­ka­la­ryň do­ly güý­jün­de, ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di.
Şeý­le-de, hormatly Prezidentimiz we­la­ýat­lar­da go­wa­ça edil­ýän ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­tap, eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň suw bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­mak, suw how­dan­la­ry­nyň işi­ni ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­mak, umu­man, suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe gör­kez­me­ler ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hä­zir­ki wagt­da ýer­le­ri gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin taý­ýar­la­mak, kä­ren­de­çi daý­han­la­ry ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, dö­kün bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu iş­le­riň mil­li daý­han­çy­lyk däp­le­ri we hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si esa­syn­da al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da önüm­çi­li­ge oba ho­ja­lyk yl­my­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň il­kin­ji no­bat­da­ky ta­lap­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ryň ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, oba ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.