Dünýäniň ähli ýokary bilim mekdepleri talyplaryň bilim derejesiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi dogrusynda tagalla edýärler. Hut şu maksat bilen professorlar talyplary dördünji senagat rewolýusiýasyna taýýarlamak üçin tehnologik we pedagogik täzelikleri ulanmagyň möhümdigine ünsi çekýärler. Şunda talyplarda meseleleriň çözgüdini tapmak ukybynyň kämilleşdirilmegi esasy şert bolup durýar.

Meseleleri öwrenmek we çözmek ussatlygy islendik talybyň iň möhüm endiklerinden biridir. Eger bir talyp bir mesele bilen gyzyklansa, elbetde, ony çözmek mümkinçiligi artar. Şeýle-de hyzmatdaşlyk etmek, pikir alyşmak özbaşdak tejribäni ösdürmegiň iň gowy usulydyr. Bu ýagdaýda hyzmatdaşlyk, talybyň bir toparda hem gatnaşyjy, hem topar ýolbaşçysy hökmünde işlemek ukybyny aňladýar. Bu ussatlyk bilen, talyplar beýleki toparyň agzalaryna ylham berip, ynandyrmagyň täsirli usullaryny görkezip bilerler, ýöne şol bir wagtyň özünde-de asyl ynamyna çapraz gelýän subutnamalar bar bolsa, pikirlerini üýtgetmäge taýyndyrlar. Şeýlelik bilen, geljekki kompaniýalaryň işgärleri özlerini bir toparda görkezip bilerler we islendik çylşyrymly işiň üstünde durup bilerler. Belläp geçsek, bäş ýyl ozal “Pearson Education” iňlis neşiri XXI asyry öwreniş hyzmatdaşlygy (P21) başlangyjy bilen bilelikde öwrenmegiň esasy elementlerini seljeripdir. Senagat dördünji rewolýusiýasynda uýgunlaşmak hem bu ugurda öňe sürülÿän başlangyçdyr.

Uzak wagtlap täze ýagdaýlara we hakykatlara yzygiderli uýgunlaşmak ukybyna kembaha garaldy, sebäbi uýgunlaşmagy kesgitlemek kyn. Hakykat, uýgunlaşmak ukybyna näbellilik, duýdansyz üýtgeşmeler we nätanyş ýagdaýlar halatynda arkaýynlyk derejesi, şeýle hem täsirli karar bermek we basyş astynda innowasiýa ideýalaryny ösdürmek ukyby hökmünde seredilip bilner. Uýgunlaşdyrylan okuwçylar toparyň içindäki keşplerini aňsatlyk bilen üýtgedýärler we täze mowzuklary öwrenmek, täze hünärleri öwrenmek we özlerine garşy çykmak üçin elmydama tolgunýarlar. Umuman, talyplaryň bilim gorunyň artmagy bilen, özara pikir alyşmak we tejribelerini paýlaşmaklary, olaryň ukyp-başarnyklaryny has aýdyň ýüze çykarmaklaryna ýardam edýär. Şunda özara söhbetdeşlikleri guramak, daşary ýurt dillerinde söhbetdeş bolmak we gyzyklanýan ugurlaryň barada pikir alyşmak bilim tejribesini baýlaşdyrmakda oňyn netije berýär.

Babamyrat Döwranow,  

Döwletmämmet Azady adyndaky. Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.