Dünýäniň ösen ýurtlary çip önümçiligini artdyrýar. Elektron enjamlaryň ählisi, şol sanda awtoulaglar üçin ähmiýetli bölekleriň biri bolan ýarymgeçirijiler, esasan, pandemiýa döwründe ýetmezçilik edipdi. Şeýle bolansoň, köp ýurt çip önümçiligini artdyrmagyň aladasyny edip başlady. 2030-njy ýyla çenli ABŞ-da iri çip önümçilik desgasy işe giriziler. Ýurduň söwda ministri Gina Raimondo ösen ýarymgeçiriji önümçiligi üçin azyndan iki sany iri merkeziň dörediljekdigini mälim etdi. Geçen ýyl ýurtda çip we beýleki enjamlaryň önümçiligini ýeňilleşdirýän kanun güýje girizilipdi. Şeýlelikde bu ýurtda önümçiligi ýola goýjak kompaniýalar dürli ýeňillikden peýdalanar. Täze desgalaryň gurulmagy üçin maliýe teklipleriniň golaýda kabul edilip başlanjakdygy mälim edildi.
Söwda ministri 1990-njy ýylda global çip önümçiliginiň 37 göteriminiň ABŞ-da amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, häzirki wagtda bu görkezijiniň 12 göterime düşendigini belledi.
Raimondo güýçli ýarymgeçiriji ekoulgamyny döretmek üçin 11 milliard dollarlyk maýa goýum goýuljakdygyny habar berdi.
Döwletgeldi Atamyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









