Ýurdumyzda hususy pudagy ösdürmäge we telekeçilik işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. 18-nji martda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda bu çärelere gatnaşmaga isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalaryň 70-e golaýy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär. Foruma türkmen tarapyndan degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Bu barada 27-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew bu çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.