30-njy iýun­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Ar­ka­dag şä­he­ri­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len ge­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Şen­si we­la­ýa­ty­nyň Halk hö­kü­me­ti­niň gu­ber­na­to­ry Çžao Gan bi­len du­şuş­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da ta­rap­lar türk­men-hy­taý hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hä­zir­ki ýag­da­ýy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar, şeý­le hem ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk hem gi­ňelt­mek ba­ba­tyn­da pi­kir alyş­dy­lar.
R.Me­re­do­wyň nyg­ta­ma­gy­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan bi­len Hy­ta­ýyň ara­syn­da­ky hem­me­ta­rap­la­ýyn stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry köp ugur­lar, il­kin­ji no­bat­da, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-gu­ma­ni­tar ugur­lar bo­ýun­ça ok­gun­ly ös­dü­ril­ýär. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, iki döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ara­syn­da iş­jeň dia­lo­gyň al­nyp ba­ryl­ma­gy türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýar we onuň do­wa­myn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň dür­li ugur­la­ry bo­ýun­ça me­se­le­le­riň giň ge­ri­mi ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.
Söh­bet­deş­ler iki­ta­rap­la­ýyn söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň ok­gun­ly ös­ýän­di­gi­ni hem bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk hem do­wam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri nyg­tal­dy.
Ta­rap­lar ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da, ulag, ara­gat­na­şyk, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, oba ho­ja­ly­gy, söw­da ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­mek ba­ba­tyn­da pi­kir alyş­dy­lar. Şeý­le hem hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry hök­mün­de bi­lim, ylym, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi we ber­ki­dil­me­gi kes­git­le­nil­di.